Krosswordyň soraglary

1. Bir zadyň eplenen, ýygyrt atan ýeri.
2. Çagasy bary-ýogy 3 sm bolup dünýä inýän haýwan.
3. Bir çetinden akar suw gelip goşulýan, giň meýdany tutup ýatan suw.
4. Serçeler toparyndan bolan ondan-oňa uçup-gonup ýören kiçijik çalja guşjagaz
5. Guşagyň, çekiniň ujuna berkidilýän demir halka.
6. Ispaniýanyň bir futbol topary.
7. “Käse döwen käse berer, ýüp üzen – ...”(Nakyl)
8. Ilkinji termometri oýlap tapyjy alym.
9. Ýuka ýaýylan hamyrdan inçejik hem uzyn-uzyn kesilen hamyr zolajyklary
10. "Halal işle, haýyr ...” (nakyl)
11. Gözüň göreji (köne söz).
12. Erşi gyzyl, argajy ýaşyl, gyzyl-ýaşyl öwsüp duran syk, tarada dokalýan ýuka ýüpek mata.
13. Özüňden uly erkek dogan.
14. Owadan, görmegeý
15. Içinde mal-gara daňylýan, saklanýan giden giň howly.
16. Telefon, telewizor we ş.m. öndürýän şereket.
17. Köplenç, suwda ýaşaýan ýasy çüňkli, boýny we aýaklary gysga guş.
18. “... gadyryn ýortan biler, ýaý gadyryn – dartan” (Nakyl)
19. Oba
20. Bir ýerden haryt, önüm we ş.m. almak üçin edilýän tabşyryk
21. “Dag, dereler ... urar, Owsun atyp, sil biläni” (Magtymguly)
22. Käbir zadyň daş ýüzündäki gaty gatlak.
23. Hormat-sylag, şan-şöhrat.
24. Wodorodyň we kislorodyň himiki birleşmesi
25. Gaýyşdan, ýüpden ýa-da dokalan matadan bile baglamak, daňmak üçin ýörite edilen bag
26. Mallary suwa ýakmak üçin agaçdan ýasalan süýri gap.
27. Owlak-guzy salmak üçin ýerden gazylyp ýa-da agaçdan taýýarlanýan ýatak.
28. Täzeräk öý-işik bolan ýigit bilen gelin
29. Mäkiýan ördek
30. Belli bir ugurdan işleri amala aşyrmak üçin guralan gurama