MEDENIÝET

Ata Atajanowyň ömri we döredijiligi

Türkmen edebiýatynyň mirasyndan

Türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri — şahyr, ýazyjy dramaturg Ata Atajanow (1922-1989) 1922-nji ýylyň 15-nji dekabrynda häzirki Mary etrabynyň ikinji Gökje obasynda gullukçynyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol ilki obalaryndaky mekdepde okaýar. Soňra bilimini artdyrmak maksady bilen Daşkentdäki pedagogik tehnikumda (1934 –1938), şol wagt Aşgabatda ýerleşen pedagogik institutda (1938 – 1939) okaýar. Şahyr 1949 – 1952-nji ýyllarda Moskwada Ýokary partiýa mekdebinde, 1959—1960-njy ýyllarda Ýokary edebiýat kursunda okuwyny dowam edýär.

Ata Atajanow dürli kärlerde zähmet çekýär. Ol ilkinji zähmet ýoluny orta mekdebiň mugallymçylygyndan başlasa-da (1940 – 1941), soňra metbugat işine çekilýär. Ilki häzirki Mary welaýat gazetinde (1941–1942), soňra türkmen radiosynyň häzirki Mary welaýaty boýunça habarçysy wezipesinde (1943 – 1945) işleýär. Žurnalistlik tejribesini toplan şahyr “Ýaş kommunist” (häzirki “Watan”) gazetiniň redaktorynyň orunbasary (1946 – 1948), redaktory wezipesinde (1948 – 1949) işleýär. Şahyr bu hormatly käriň hötdesinden üstünlikli gelip bilendigi üçin ilki ony öňki Krasnowodskiniň oblast gazetiniň (1952 – 1953), soňra “Sowet Türkmenistany” (häzirki “Türkmenistan”) gazetiniň redaktory, “Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalynyň bölüm müdiri, redaktorynyň orunbasary (1955 – 1958), Türkmenistan SSR-niň Neşirýat, poligrafiýa we kitap söwdasy işleri baradaky döwlet komitetiniň baş redaktory (1964 – 1971), TSSR Ýazyjylar birleşiginiň müdirliginiň başlygynyň orunbasary (1971 – 1972) wezipelerinde zähmet çekýär. Ýazyjy 1976-njy ýyldan başlap şol wagtky meýletin kitapsöýüjiler jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işläp, syýasy, çeper, ylmy kitaplary halk köpçüliginiň içinde giňden ýaýratmakda uly işler alyp barýar.

A.Atajanow 1941-nji ýylda döredijilik işne başlaýar. Onuň ilkinji goşgusy “Täze ýyl geldi” ady bilen Tagtabazaryň häzirki etrap gazetinde çap edilýär.

Şahyryň watançylyk temasynda ýazan goşgulary: “Hoş gal, eziz obam”, “Gahryman Kawkaz”, “Ene sowgady”, “Fronta iki hat” we başgalar…

Şahyryň kitaplary: “Alma ýene gülleýär” (1948) atly ilkinji kitabynda “Ýeňiş”, “Ýar sary uç, guşum”, “Çyk-da seret ýollara”, “Näbelli gahrymana”, “Soldat howuz başynda”, “Bir gysym toprak”, “Bagt kanuny”, “Ýürek sesi”, “Gelýär Kremlden sagadyň sesi” we beýleki goşgulary; “Türkmenistan bahary” (1952) atly ikinji kitabynda “Gepleýär Moskwa”, “Pogon”, “Bilbiljik”, “Gudokçy Meret”, “”Pagtaçy dostuma”, “Goja Matweýiň sözi”, “Bahar nagmasy” we beýleki goşgulary, “Iki poema” (1955) atly kitabynda “Zoýa” (ilki ady “Ölmejek Zoýa” (1942—1945),  “Rus enesi” atly poemalary, “Arzyly myhman” (1956) atly ýygyndyda “Çärjew — Goňrat”, “Täjik dony”, “Şägirt”, “Arzyly myhman”, “Ýarym bilen eýwanda durup”, “Seniň ýaşan köçäň”, “Awazada”, “Içseň sowuk çeşme bolup akaýyn”, “”Duýdansyz ýagan gar”, “Aýdymçy gyza”, “Görüşmäge gelseň, Suraý”, “Ogsoltan”, “Uka gitdi meýmiräp”, “Agronom Piri öz ýerini tapdy”, “Dertdeşler” we beýleki goşgulary, “Gözüňiz aýdyň” (1957) atly kitabynda “Ussatlara şöhrat”, “Bu gün şahyr bolmasaň-da”, “Gözüňiz aýdyň”, “Köneürgençli dostuma hat”, “Müsüriň baýdagy”, “Täçmahal” we beýleki goşgulary, “Guşgy galasy” (1960) atly kitabynda “Guşgy galasy” poemasy, “Tähran depderi” atly goşgular topary, “Gördüm”, “Näzli gyza”, “Ah, halypa, sorama sen derdimi”, “Bolmaz oglan diýýärsiň”, “Ýar ýaryň aýnasy”, “Hünji” we beýleki goşgulary ýerleşdirildi. Şeýle-de şahyryň “Ädimme-ädim” (1961) atly ilkinji saýlanan eserler ýygyndysy, “Sallançagym sähra meniň” (1963), “Öçme ojagym” (1966), “Aýly agşam” (1972) kitaplary, “Men size barýan”  (1978)  atly bir tomluk goşgular ýygyndysy neşir edildi.

 Ýazyjynyň hekaýalary: “Toý” (hekaýadan bölek — “Ýaş kommunist”, 1948, 1-nji maý), “Patdy aganyň hekaýatlary” (“Pioner”, 1958, № 2, “Ýaş kommunist”, 1964, 12-nji sentýabr), “Namys bilen nan” (“Sowet Türkmenistany”, 1959, № 5), “Ýiti gyzyl tiz solar” (“Sowet edebiýaty”, 1959, № 5).

 Ýazyjynyň oçerkleri: “Aşyr agany tanaýarsyňyzmy?” (“Sowet edebiýaty”, 1959, № 10), “Meniň döwürdeşlerim” (şol ýerde, 9 sah), “Zergär” (“Sowet Türkmenistany”, 1958, 18-nji dekabr), “Bereket hem baýlyk çeşmesi” (“Sowet edebiýaty”, 1963, № 3), “Keminäniň obadaşlary” (“Sowet Türkmenistany”, 1971, 8-nji iýun), “Gözel gruzin nagyşlary” (“Sowet Türkmenistany”, 1979, 21-nji ýanwar), “Al baýdakly kerwenler” (“Edebiýat we sungat”, 1973, 21-nji oktýabr).

  Ýazyjynyň pýesalary: “Men gelnimden razy” bir perdeli pýesa (“Ýaş kommunist”, 1948, 29-njy iýul), “Ýene bir ýaş ösdük biz” (“Edebiýat we sungat”, 1960, 31-nji dekabr), “Men size ynanýan” (“Sowet edebiýaty”, 1960, № 3), “Guşgy galasy” (üç perdeli drama, 1967), “Söýgini har etmäň” (1971), “Ýalynly ýürekler” (1974).

 Ýazyjynyň romanlary: “Ýagdaý niçik, Ýaran?, “Çakmak” (ilki ady “Batmanyň baýdagy”) (1971), “Öz tanyşlaryň” (1977).

 Çagalar üçin döreden eserleri: “Aman okuwa gidýär” (1953), “Permanyň mamasy” (1956), “Üçleriň syýahaty” (1962), “Ýene bir ýaş ösdük” (1963), “Atçapar” (1976).

 A.Atajanowyň terjimeleri: Puşkiniň, Isakowskiniň, Şipaçýowyň, Twardowskiniň, Orlowyň, Gamzatowyň, Grabowskiniň, Wurgunyň, Rudakiniň, Saýat-Nowanyň goşgudyr, poemalaryny, Polewoýyň “Hakyky adam hakynda powest”, Ş.Raşidowyň “Ýeňijiler” eserlerini türkmen diline terjime etdi.

 Şahyryň aýdyma öwrülen goşgulary: “Aýly agşam”, “Daşlaşma”, “Ilki söýgim, nirde sen?”, “Ýaşlyk walsy”, “Bolmaz, oglan”…

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek medeni çäreler

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk