Bir-iki gezek toýda söz berlende bagşy Annadurdy Garaýew:
«Ynsana gözler goşa berlipdir,
Ýaryny derrew gözläp tapara.
Ynsana gulak goşa berlipdir,
Ýarynyň sözüne gulak asara.
Ynsana eller goşa berlipdir,
Ýaryny gujaklap bagra basara,
Ynsana aýak goşa berlipdir,
Ýarynyň ýanyna ylgap çapara…» diýip, goşgy bilen ýaşlary gutlady. Tanyş ýaşuly bolansoň, ondan Annadurdy däde, ýaňky aýdanyň haýsy şahyryň goşgusy? — diýip soradym.
— Aşyrguly Baýryýewiň goşgusy. Men onuň kän goşgusyny ýatdan bilýän. Aşyrgulular bilen goňşurak ýaşadyk. Adyny Gözjan diýip tutardyk. Ol menden 2-3 ýaş kiçi, ýöne onuň bilen kiçilikden dostduk. Ýetginjek wagtymyz oba-oba bolup, köçe-köçe bolup deň-duş oglanlar bilen üýşüp fudbol oýnap ýaryşardyk. Ol fudbol oýnamaga ökdedi. Gadyr gije bolsa, şol gijäni men olaryň öýünde, ýa-da ol biziň öýümizde geçirerdi. Orta mekdebi gutaransoň, ol iş bilen welaýata, soňra Aşgabada okuwa gaýtdy. Talyp wagtlary ol ýazýan goşgularyny ugradýardy. Bir gezegem: «Fudbol oýnan günlerimizi ýatlarsyň» diýip, maňa gonuçly aýakgap sowgat iberipdi. Aşyrgulynyň goşgulary ýaly adamkärçiligem gowudy. Arman aramyzdan ir gitdi… Jaýy jennet bolsun!» diýip doga-dileg etdi. Soňra-da ol:
— Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparowyň:
«Razy men bu dünýäden, —
Ömür boýy pikir edip,
Diýjek sözüm diýip gitsem,
Beren duzun doly haklap,
Watan duzun iýip gitsem.
Razy men bu dünýäden, —
Üşän wagty ojar bolup,
Dostum üçin köýüp gitsem.
Müň gözeli gowy görüp,
Bir gözeli söýüp gitsem…» diýip aýdýan aýdymynyň sözleri Aşyrguly Baýryýewiňki. Şol aýdymyň döränine-de ençeme ýyl bolandyr. Gowy aýdym bolansoň, häzirki günlerde-de teleradioýaýlymlarda, baýramçylyk dabaralarynda ýaňlanyp dur — diýip gürrüň berdi.
Aşyrguly aganyň şahyrdygyny hemem onuň zehinli žurnalistdigini bilýärdim, ýöne onuň döredijiligi hakynda düýpli bilýän zadym ýokdy. Neressäni diňe birje gezek ýüzbe-ýüz görüpdim. Haýsy ýyldygy anyk ýadymda däl. Şahyr Mämmet Seýidowyň doglan gününiň ýalňyşmasam 75 ýyllygy mynasybetli dogduk obasy Durunda geçirilen dabara gatnaşdym. Şonda onuň bilen bile işleşen, tirkeşen kärdeşleriniň köpüsi söz sözlediler. Aşyrguly Baýryýewe-de söz berildi. Ýüzi nurana, sypaýy hem sowatly adam eken. Ol çykyşynda halypa şahyryň döredijiligi, belent adamkärçiligi hakynda gürrüň berdi. Tanymal şahyrlaryň goşgularynda käbir setirleriň meňzeş gaýtalanýandygyny mysal getirip, haýsy neşirde, haýsy senede çap bolandygyny aýdyp, Mämmet Seýidowyň goşgy setirlerini gaýtalaýan şahyrlaryň käbirini atlandyrdy. Soňra-da: «Bu gürrüňi şygryýetiň hatyrasy üçin aýdýan, belki, bu ýagdaý tötänlik bolmagy-da ahmal» diýip sözüni jemledi. Ol şahsy pikirini aýdanda-da, diňe meniň aýdýan pikirim dogry diýen netijeden daşda eken. Öz pikirine özgeleriň çözgüt çykarmagy üçin pursat goýýan, düşünişmäge çalyşýan häsiýetiniň bardygyna göz ýetirdik.
Aşyrguly aga ýogalmazynyň öň ýanlarydy. Bir gün redaksiýada otyrkam iş telefonuma kimdir biri jaň etdi. «Akgül Saparowa bilen gürleşjek welin, telefon belgisi gerekdi» diýdi. Diňleýän, aýdyberiň! — diýdim. «Medeniýet» žurnalynyň redaksiýasyndan jaň edýäs. Hekaýalaryňyz bar bolsa žurnalymyza iberseňiz, okyjylara ýetirmekçi» diýdi. Içimden halypa şahyr Kerim aganyň:
«Uly ulaldýandyr özüne çenli,
Kiçi kiçeldýändir özüne çenli,
Özünden aňyryk geçirmek welin,
Ula-da, kiçä-de kyn bor-a çemli…» diýen ýalyrak setirlerini gaýtalap, kyssa eserlere kim seredýärkä? — diýip sowal berdim.
— Aşyrguly Baýryýew — diýip jogap berdi. Sorap durmadym, belki, şonda gürleşenim onuň özüdir, belki, başga kişidir bilmedim. Aşyrguly aga bilen aýatda bar wagtyndaky tanyşlygymyz diňe şu pursatlar.
Annadurdy dädäniň gürrüňinden soňra Aşyrguly aganyň döredijiligi hakynda içginräk bilesim geldi.
Islendik biri hakynda ýazjak bolanymda ilki bilen: «Pikirimi nähili kabul ederlerkä?» diýip, halypalara maslahat salmak endigim bar. Aşyrguly aga hakynda-da ýatlama ýazmankam halypalara jaň etdim. Ýazyjy Ýerbendi aga: «Aşyrguly gowy zadyň aşygydy. Onuň adamkärçiligem, zehinem gaty ýokarydy. Baş redaktor döwri elinde işledim. Milletçilik etmek häsiýeti ýokdy. Işgärler bilen pikir alşyp, nämeler döredýändigimiz hakynda gyzyklanardy. Şu zeýilli temadan bir zatlar ýazjak bolýan diýdigiň, göwnüne ýarasa: «Derrew ýaz, gazetiň indiki sanynda çap ederis» diýip ruhlandyrýardy. Onuň döredijiligiňe hormat goýşy üçinem ýazasyň gelýärdi. Edebiýata täzelik getirmegi gowy görýärdi. Baş redaktor wagtynda gowy rubrikalar açdy. Onuň halkymyz üçin bitiren işleri kändir — diýip tarypyny ýetirdi. Soňra halypa şahyrymyz Baýram aga jaň etdim. Ol pikirimi aýdanymdan: «Aşyrguly ýagşy söz aýdylmaga mynasypdyr. Şahyrlygam, žurnalistligem gowudyr. Özem şahsyýetdir. Onuň mertligem her zada degýändir. Intelligensiýanyň pikirini metbugatyň üsti bilen ýaýyp, Hatyra gününiň bellenmegi baradaky pikiri gozgap başyny başlan adamdyr. Baş redaktor wagty, öz döwründe uly işler bitirdi. Şo döwürde iki neşiriň — «Edebiýat we sungat» gazetiniň hemem «Sowet edebiýaty» žurnalynyň ullakan hyzmaty bar. Aşyrguly sypaýy adamdy. Onuň şahsy batyrlygam ýatlanmaga mynasypdyr» diýip tüýs ýürekden baha berdi. Ondan soň başga-da iki-üç halypa jaň etdim. Olaryň ählisem Aşyrguly agany döredijiligi babatda-da, adamkärçiligi babatda-da diňe gowulykda ýatladylar. Onsoň onuň döredijiligini öwrenmäge içgin girişdim. Onuň baş redaktor bolup işlän döwründe ýazan makalalaryny okap çykdym. Şo döwürde gazetde «Aýt, armanyň galmasyn», «Sözle, sözüň ýaýylsyn» ýaly rubrikalarda ýazylan düýpli makalalary kän eken. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1990-njy ýylyň 19-njy oktýabr sanynda 1-nji sahypada «Siziň göwündeşiňiz» atly makalasy bar. Makalanyň mazmunyny özümçe-de beýan edip bilerdim, ýöne has anyk hem täsirli bolmagy üçin ondan käbir bölekleri göçürip aldym. Ynha, ol şeýle:
«Çärýek asyrdan gowrak bäri, gadyrly okyjy, siz ýaly menem «Edebiýat we sungat» gazetini höwes bilen okap geldim. Onda çap edilýän makalalar, edebi eserler barada erkana pikir ýöretdim. Indi başgaça. Bu gazetiň baş redaktorynyň garamatyny egnime atamsoň, aladamyň artandygy öz-özünden düşnüklidir. Okyjy bolmak bir başga, redaktor bolmak bir başga. Döredilen wagtyndan bäri okyjylar köpçüliginiň göwnünden turup gelýän gazetiň öňki abraý-adyny diňe bir saklaman, eýsem nädip ösdürmeli? Döwür diýseň çylşyrymly. Gazetiň ýüzünde nädip şol çylşyrymly döwri, durmuşy bolşy-bolşy ýaly beýan etmeli? «Edebiýat we sungat» gazeti özüniň ruhy, maksady boýunça ýeke-täk, aýrybaşga neşir. Ol türkmen halkynyň ahlagyny, ruhy dünýäsiniň — edebiýatynyň, medeniýetiniň, sungatynyň özenini açyp görkezmeli.
Ol ýa-da beýleki neşiriň redaktory çalşan mahalynda okyjynyň hem oýa batýandygy gizlin däl. Ony gazetiň ykbaly gyzyklandyrýar. Gazet nähili mazmunda çykarka, okyjynyň öz ýanyndan oňlap ýören zatlaryna orak salnarmyka, täze redaktor «Täze küýzäň suwy sowuk» diýlenini edip, kalbyňa muwapyk täzelik getirip bilermikä» diýen ençeme soragyň döreýändigi ikiuçsuz.
Ozaly bilen redaksiýanyň sagdyn döredijilik kollektiwiniň bardygyny aýdasym gelýär. 31-nji awgustda, 7-nji, 14-nji, 21-nji sentýabrda neşir edilen sanlarynda redaksiýanyň geljekki planlary, nähiliräk materiallaryň beriljegi hakynda ýaňzydylýar. Şol aýdylanlar gazýetiň mazmunynyň, döredijilik ugrunyň esasy akabasy bolar. Edebiýatymyzyň taryhy, edebi miras hem uly meseleleriň, uly şahalaryň biri. Gazetde edebi mirasymyzyň ozal gadagan edilen eserlerinden nusgalar, olar barada edebi makalalar çap ediler. Garajaoglan ýaly beýik türkmen şahyry hökmünde gaýry ilde sarpasy saklanylyp, öz ilinde gadyry oňly bilinmeýänler, Nesimi ýaly, milli duýgymyzy ýere çalyp, başga milletiň wekiline aňsatlyk bilen öwrüp goýberen şahyrlarymyz barada materiallary çap etsek, olaryň öňündäki ýazygymyzy azda-kände ýuwdugymyz bolar diýen akyla gulluk etsek, okyjylarymyz bizi goldar diýip ýagşy umytda bolýarys. Geçmiş edebiýatymyzyň düwün baglan meselelerini çöşlemekde, onuň taryhyny yzarlamakda çorba baryny sowadan edebiýatçylarymyzyň hemaýatyna bil baglaýarys.
Ýazgymyzyň başynda gezetiň mazmunynyň alnyp barylmaly üç sany şaýolunyň bardygyny syzdyrypdym. Respublikamyzyň syýasy, sosial-ykdysady ýagdaýyny hut şol üç zadyň — edebiýatyň, medeniýetiň, sungatyň üsti bilen açyp görkezmegi niýet edinýäris. Bu niýetimiziň başa barmagy üçin çeper publisistikany daýandyrmagyň zerurdygyna düşünýäris. Publisistikany gazetiň, durmuşyň özi bilen deň urup duran ýüregine öwürmek üçin degerli çäreleri görmäge çalşarys. Biziň hemmämiz aç-açanlyk döwründe publisistikanyň birneme janlanandygyny, onuň şüwlümli okalýandygyny, okyjylaryň arasynda çekişme döredýändigini bilýäris. Respublikamyzyň ruhy, sosial-ykdysady durmuşynda bar bolan meseleleriň gazet sahypasynda her taraplaýyn seljerilip görülmegi, olar barada jemgyýetçilik pikirini döretmek we öwrenmek üçin, publisistikada ezberlik görkezýän belli ýazyjylarymyz, soňraky wagtlarda bu žanr bilen ykballaryny baglan awtorlarymyz bilen aragatnaşyk saklarys. «Edebiýat we sungatda» okyjylaryň göwnünden turýan, olaryň durmuş meselelerini gozgaýan, durmuşymyzyň gowulanmagyna oňaýly täsir etjek publisistika özüne mynasyp orun alar.
Bir ahwalat böwrümizi diňledýär. Ol hem gazetimiziň depesindäki ähli ýurtlaryň proletarlaryny birleşmäge çagyrýan şygardyr. Bu şygaryň gazetimiziň düýp mazmunyna, maksadyna kybap gelmeýändigi baradaky pikirimiz bilen okyjylarymyz ylalaşsa gerek. Oňa derek, akyldarlarymyz Azadynyň ýa-da Magtymgulynyň paýhasly setirleri, nesihatlary ýerleşdirilse göwne laýyk bolar diýen pikirimiz bar. Bu barada okyjylar öz tekliplerini, pikirlerini aýdarlar öýdüp umyt edýäris.
Oba medeniýetiniň meseleleri, medeniýet işgärleriniň hal-ýagdaýlary, iş tejribeleri, hem gazetiň nazaryndan sypmaz. TSSR Ýokary Sowetiniň medeniýet meseleleri bilen iş salyşýan komitetiniň alyp barýan işleri hem gazetde öz beýanyny tapar. Gazet materiallarynyň üsti bilen medeniýetiň, sungatyň wajyp zerurýetine şol komitetiň ünsüni çekip durmak niýetimizde bar. Sungatyň meseleleri hem gazetde öňkä garanyňda has köp orun alar. Adamlarda gözellik duýgusyny oýarmakda sungatyň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bar. Şonuň üçinem hakyky sungat eserleriniň gymmatyny açyp görkezýän makalalar, olary döredýän adamlaryň döredijilik portretleri yzygiderli çap ediler. Taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, dikeltmek, amaly-haşam sungatynyň iň gowularyny ile ýetirmek, el hünäriniň gadymdan galan nusgalaryny, halylary weýran bolmakdan halas etmek meseleleriniň üstünde hem geljekde-de işleniler. Gazetiň baş maksady döredijilik işgärleriniň başyny birikdirip, olaryň başarnygyny, zehiniň gujur-gaýratyny halkymyzyň bähbidine, hyzmatyna gönükdirmek. Ahlak terbiýesinde türkmen halkynyň taryhyndan beriljek materiallaryň ähmiýetiniň uly boljakdygyna, gazet bilen Myrat Annanepesow, Ata Jykyýew, Aman Ylýasow ýaly belli taryhçylaryň hyzmatdaşlyk etjekdigine umydygär bolýarys.
Beýleki metbugat organlaryndan parhlylykda «Edebiýat we sungat» çeper gazet. Şol sebäpli-de türkmen dilini ösdürmek meselesinde onuň borjy uly. Biz şondan ugur alyp, türkmen diliniň ýagdaýynyň gowulanmagyna, onuň kagyz ýüzünde däl-de, hakykat ýüzünde döwlet diline öwrülmegine, tekge bermäge ymtylýarys. Ozaly bilen, gazetiň öz diliniň owazlylygyny, şireliligini gazanmagy möhüm wezipämiz hasaplap, elde barymyzy ederis. Hormatly okyjy, öz göwündeşiň «Edebiýat we sungatdan» jyda düşmezligi arzuw edýärin» diýip, abuna ýazylyşyk döwründe awtoryň täze bellenen baş redaktor — ýolbaşçy hökmünde gazet üçin nähili aladalanýandygyny onuň şu makalasyndan hem göz ýetirip bolýar. Bolasy kärdeşleri «Aşyrguly edebiýata täzelik getirmegi gowy görýärdi» diýdiler-le. Ol hakykatdanam şeýle, okyjylary sylaýan, hormat goýýan redaktor eken. Elbetde, islendik zatda täzelik getirmek, täzeçe çemeleşmek aňsat iş däl. Halkymyzda aýdylyşy ýaly käte gowusyny etjek bolup ýalňyşylýan ýerlerem bolýar. Onsuz bolmak mümkin däl. Esasy zat birek-birege dogry düşünmek, ýalňyşlyk bolaýan ýagdaýynda-da birek-biregi bagyşlamak gerek. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň öň ýanlary ýazylan makala. Awtoryň öz nygtaýşy ýaly çylşyrymly döwür. Metbugat bolsa, ýurduň ýüzi. Halkyň agzybirligini saklap, öz milliligiňe dolanyp gelmek ýeňil iş däl. Şu ýerde Aşyrguly aganyň ýene-de käbir makalalaryndan mysal getirmegi ýerlikli hasapladym. Ol «Gorky ede-ede ryswamyz çykdy», «Kim aňsat abraýa çapýar?» ýaly makalalarynda öz şahsy pikirini ýürek goýup beýan edipdir. Ol makalalary okap, onuň taryhdanam, kanundanam, žurnalistlikdenem, ýazyjylykdanam, umuman sowatlylyk derejesiniň güýçlüdigine göz ýetirmek kyn däl. Halypalaryň aýdyşy ýaly şahsy mertligi, batyrgaýlyk bilen pikirini beýan etmegi berlen baha mynasyp diýdirdi.
Ol juda arassa ýürek bilen ýazýar eken, ýöne onuň makalasynda okyjylara ýüzlenip: «Özüň nämeden gorkýaň?» diýip soraýaňyzmy? Dogrymy aýtsam, özüm şu makalamda aýdan pikirlerimiň kesä çekilmeginden ätiýaç etmänem duramok..» diýip aýdyşy ýaly hakykatdanam ýazylýan zada, gozgalýan pikire dogry garamak, ters ýana çekmän düşünişmek esasy ýagdaý. Ynha, onuň makalasyndan bir mysal: «…Gökdepe tragediýasy baradaky meseläni alyp göreliň. Bu barada agzalmanyny kem görmedik. Respublikamyzyň ilkinji Prezidentine intelligensiýanyň wekilleriniň Ýüzlenmesinde aýdylyşy ýaly, Gökdepe tragediýasy hakyndaky taryhy hakykatyň halkdan gizlenilmeginiň, onuň öwrenilmeginiň gadagan edilmegini, hamala, bu hakykatyň bilinmegi rus hem türkmen halklarynyň doganlyk-dostlugyna zeper ýetirer diýen delil bilen düşündirilip gelindi. Bu ýerde diňe türkmen gany döküldimi näme? Rus halkynyň ýönekeý ogullary hem patyşanyň açgöz bähbidi üçin ganlaryny dökdüler. Gökdepe tragediýasynyň pidalarynyň Hatyra gününi bellemek, näme üçin, biziň rus halkyna bolan garaýşymyzy üýtgetmeli? Geçmişde bolan waka üçin şu günki nesilleriň näme günäsi bar? Külli türkmen şeýle pikirde dälmi näme? Köpçülikdir, bir-iki sany başbozar tapylyp, Hatyra gününe başgaça ähmiýet beräýjek bolaýanda-da, halk oňa gaýtawul berip bilmez öýdüp gorkup ýörmek dogrumyka? Halk kimiň-kimdigini bile-bile gelýär. Ölüsini sylamadyk, dirisini sylarmy? Eýsem rus doganlarymyz, beýleki milletleriň wekilleri şol Hatyra gününi biziň bilen bile belleseler, onuň çägindäki çärelere gatnaşsalar, olara bolan hormatymyz artmazmy näme? Dostlar özüni gamly günüň tanadýar ahyryn» diýip makalasynda ýazypdyr. Ynha, şu sozlere heý, bir düşündiriş gerekmi? Her bir zada dogry düşünmek, oňyn netije berýär. Aşyrguly aganyň žurnalistlikde bitiren işleri hakynda onuň öz ýazan makalalary arkaly azda-kände düşündirendirin diýip pikir edýän. Belki, şeýle bolsun, ýöne onuň maşgala durmuşy bilenem gürrüňdeş bolsak, mümkin käbir zatlar hakynda aýdyp bilmegim ahmal. Şonuň üçin ýakynda onuň maşgala ojagyna söhbetdeşlige bardyk. Şahyryň ýan ýoldaşy Ogulbike gelneje — Hajy ene (2014-nji ýylda döwletimiz tarapyndan şert döredilip mukaddes Käbä zyýarata gidip Haj parzyny berjaý edip gelen eken) bizi güler ýüz bilen garşy aldy. Maşgala agzalary bilen tanyşdyrdy. Ol Aşyrguly aga bilen 1970-nji ýylda durmuş gurupdyr. Üç gyz, bir ogul perzendiniň, on sany agtygynyň bardygyny aýtdy. Çagalarynyň ählisiniň ýokary bilimli hänärmenlerdigini, dürli kärde işleýändiklerini gürrüň berdi. «Aşyrguly: «Men 70 ýaşa-da ýetmerin» diýerdi. Ol kän keselden ejir çekdi. Esasanam süýji keseli güýçlüdi. 2018-nji ýylyň 22-nji dekabrynda ýogaldy. Şol gün ol toýa gitdi. Toý ýerine baranda içerigem girip bilmändir. Toý eýesi «tiz kömegi» çagyrjak bolsa-da göwnemän, ogluma jaň edýär. Barsa ýüreginden tutan eken. Eýýäm ýagdaýy öwerlik däl, «Göni öýe äkit, oglum!» diýipdir. Tarpa-taýyn diýen ýaly gitdi. Ol kimdir biri toý etse-de, ýogalan bolsa-da, şoňa bagyşlap hökman goşgy düzerdi. Orta bilimim bar. Esasy hünärim halyçy. Emma ol ýazan goşgularyny ilki bilen maňa okap bererdi. Ol:
«Kemineden kem etmen tarypyň, jan Ogulbike,
Sen bolmasaň ýanymda, men gury san, Ogulbike,
Ýalňyz başym goýnuňda bolsyn gurban, Ogulbike,
Sen bilen döwran sürýän, ýokdur arman, Ogulbike,
Ömrüň ömre goşulyp, jana derman, Ogulbike!
Öýke-kinämiz mydam ýaz gününiň ýagşy bolsun,
Seniň köňlüň, ezizim, köňlimden ýagty bolsun,
Kalpdan çykan sözlerim ýüregiň nagşy bolsun,
Aşyrguly arzuw eder: dört jigeriň bagty bolsun,
Şu şygyry ýazan şahyr ýanyňda saýran, Ogulbike!» diýip, maňa-da goşgy düzdi. Köp bentli goşgy, ýöne men iki bendini aýtdym. Käbe jana gidip gelemde düzen goşgusyny öz okamagynda el telefonuma ýazyp diňleýän. Käte ol maňa: «Barkam gadyrymy bileňizok» diýerdi. Menem: «Näme gadyr agaç dikelimi?» diýip degşerdim. Ýogalansoň, onuň sylagynyň uludygyna hasam göz ýetirdik. Il-güne özüni aldyran eken. Başga-ha, näme gürrüň berjegimi bilemok. Gyzyklanýan sowallaryň bolsa, gyzym gürrüň berer-dä» diýdi. Onsoň onuň körpe gyzy Geňlikden kakasynyň suraty bilen terjimehalyny soradym. Ol: «Dogry sözüň yşgynda ýaşan dädem jan» diýip uludam dem aldy. Gözlerini balkyldadyp kakasynyň darajyk iş otagyndaky kompýuteriň başyna geçip, onuň suratlaryny hemem özi barada ýazan terjimehalynyň, indi çap bolmaly kitaplarynyň elektron ýazgylaryny göçürip berdi. Şahyr öz terjimehalynda ynha, şeýle:
«Men, Baýryýew Aşyrguly, 1949-njy ýylyň 1-ji maýynda Magtymguly (ozal Garrygala ) etrabynyň Gyzyl (öň Güwleme ) dag obasynda çopanyň maşgalasynda dünýä indim. Kakam Garjaýew Baýram, ejem Baýryýewa Ýegenbibi. 1952-nji ýylyň ahyrynda ejem otuz ýaşyna ýetmän, aradan çykandan soňra, maşgalamyz 1953-nji ýylyň başlarynda Gyzylarbat şäherine göçüp gelipdir. Men 1956-njy ýylda şäheriň Aýtguly Geldiýew adyndaky 1-nji (Ozal 11-nji) orta mekdebine okuwa baryp, ony 1966-njy ýylda kümüş medal bilen tamamladym. Orta mekdebi tamamlap, Balkanabat (ozal Nebitdag) şäher telewideniýe studiýasynda öwrenje diktor bolup, zähmet ýoluma başladym. Bir ýyldan soňra Gyzylarbat şäheriniň harby jaýlary ulanyş edarasynda (KEÇ) maşinist-dizelçi bolup zähmet çekdim. 1968-nji ýylyň maýyndan 1970-nji yylyň iýuny aralygynda harby gullukda boldum. Gullukdan gaýdyp gelemsoň, iki ýyllap Balkanabat şäherindäki 16-njy sekizýyllyk mekdepde 5-6-njy synp okuwçylary matematika sapagyndan okatdym. 1972-nji ýylda meni Balkanabat şäher telestudiýasyna redaktorlyk wezipesine işe çagyrdylar. Şol ýerde iki ýyllap halk hojalygy redaksiýasynyň ýolbaşçysy — uly redaktor bolup işledim. 1974-nji ýylyň başynda açylan Balkan (ozal Krasnowodsk) welaýatynyň ýylyň ikinji ýarymynda neşir edilip başlanan «Zähmet baýdagy» gazýetinde üç ýyldan gowrak wagtlap ideologiýa bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, jogapkär sekretaryň orunbasary, medeniýet we durmuş bölüminiň müdiri wezipelerinde zähmet çekdim. 1977-nji ýylyň güýzünde meni Türkmenbaşy şäher telestudiýasynyň telewizion gepleşikleri taýýarlamak bölüminiň müdiri (ol ýeke-täk bölüm bolmak bilen, tutuş studiýanyň özüdi, iki-üç sany tam süpürijiden başga, ähli işgärleri öz içine alýardy, ozal onuň ýolbaşçysy müdir däl-de, baş redaktor diýlip atlandyrylýardy) wezipesine bellenilip, bu wezipede dört ýyldan gowrak wagtlap işledim. 1981-nji ýylyň dekabryndan 1988-nji ýylyň martyna çenli Türkmenistan Kompartiýasynyň Krasnowodsk obkomynyň diwanynda metbugat meseleleri bilen meşgullanýan jogapkär işgäri bolup zähmet çekdim. 1988-nji ýylyň martyndan 1990-njy ýylyň oktýabryna çenli Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň metbugat sektorynda işlemek bilen, şol wagtky respublikan gazýet-žurnallaryň, neşirýatlaryň,Ýazyjylar we Žurnalistler birleşikleriniň we beýlekileriň işine partiýa ýolbaşçylygyny amala aşyrmaga gatnaşdym. 1990-njy ýylyň oktýabrynda «Edebiýat we sungat» hepdeliginiň baş redaktorlygyna bellenip, bu wezipede 1991-nji ýylyň apreline çenli işledim. Şol möhletden ýene-de öňki iş ýerime — TKP MK-nyň metbugat sektoryna geçirilip, üç aýdan soň «Saglyk» žurnalynyň bölüm redaktory wezipesine işe baryp, ýarym ýyllap işledim. «Owadan» («Zähmetkeş aýal», soňra «Gurbansoltan eje», häzir «Zenan kalby») žurnalynyň redaktorynyň orunbasary bolup, gysga wagt işlänimden soň «Diýar» žurnalyna işe geçip, bu neşirde uly habarçy, ykdysadyýet hem-de edebiýat, sungat we publisistika bölümleriniň redaktory bolup zähmet çekdim. Az wagtlyk bütinsoýuz «Trud» gazetiniň Aşgabatdaky jemgyýetçilik kabul edişlik bölümçesine ýolbaşçylyk etdim. Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat guramasyna işe çagyrylyp, baş hukuk maslahatçysy bolup işläp, maşgala ýagdaýym sebäpli Aşgabada gaýdyp gelip, 1999-njy ýylyň maýyna çenli döredijilik işi bilen meşgullandym.
Şol seneden ýene-de «Saglyk» žurnalynyň bölüm redaktorynyň wezpisine işe kabul edilip, tä 2004-nji ýylyň 16-njy martyna çenli işledim. Şol wagtdan tä 2011-nji ýylyň maýynda pensiýa (nepaga) çykýançam, döredijilik işi bilen meşgullandym. Bu işimi häzirem dowam etdirýärin. «Zemin lälesi» şygyrlar ýygyndym (1991-nji ýyl), çagalar üçin «Kim akylly?» kitapçam (1992-nji ýyl ) çap edildi. Şeýle hem «Diňe söýgi hakynda» at bilen dana sözleri, nusgawy we häzirkizaman şahyrlaryň goşgy setirlerini öz içine alýan kitapçam, rus çagalar şahyry Ýuriý Kuşagyň «Myhmançylyga barýan gämijik» kitaby tutuşlygyna meniň terjimämde neşir edildi. Şeýle hem men edebi, publisistik makalalaryň onlarçasyny ýazyp gündelik we döwürleýin metbugatda çap etdirdim. Meniň çeper döredijiligimde terjimelerim uly orun tutýar. T.Şewçenkonyň, A.Blogyň, G.Wiýeriuň, S.Kirsanowyň beýleki birnäçe şahyrlaryň goşgularyny, S. Mihalkowyň basnýalaryny, M.Hubiýewiň degişmelerini, Skaýlisiň ýumoreskalaryny, marşal Çuýkowyň ýatlamalaryny, Kudpýawsew bilen Ponizowskiniň «Duşmanyň tylynda», Owidiý Gorçakowyň «Guw aýdymy» powestlerini, A.Lahutiniň bir poemasyny we beýleki awtorlaryň eserlerini terjime edip, okyjylara ýetirdim. Häzir goşgularymyň iki tomlugy çapa taýýar, üçünji tomuny-da taýýarlap otyryn, edebi, publisistik makalalarym hem özbaşyna bir tomy düzer, ownuk žanrlarda döreden eserlerimiň ýygyndysynyň hem bir tomy eýelejekdigine umyt baglaýaryn, terjimelerimiň ýygyndysy hem şonçarak möçberde bolar diýip çaklaýaryn. Häzir ýatlamalarymy, ömrümiň beýanyny ýazýaryn.
Aýalym Ogulbike pensiýada, ejemiň ady dakylan uly gyzym ýigrimi bäş ýyldan bäri başlangyç synplaryň okuwçylaryna bilim we terbiýe berip gelýär, oglum Guwanç daşary ýurt kompaniýasynda menežeriň kömekçisi, iňlis dilinden terjimeçi, ortanjy gyzym Gunça Balkanabatdaky taslama institutynda inžener, körpe gyzym Geňlik Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň mugallymy bolup işleýärler. Dokuz agtygym bar. Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetini «Filolog.Türkmen dili we edebiýaty mugallymy» diýen hünär boýunça gaýybana tamamladym. Ömrümiň ýarym asyryndan gowragyny žurnalistika bagyşladym. 2010-nji ýylda Dewid Borke adyndaky halkara žurnalistler baýragyna mynasyp boldum.
Aşyrguly Baýryýew, 25.11.2015 ý.» diýip maglumat beripdir. Asyl ol terjimeçilikde-de, kän iş bitiripdir.
Geňlikden kakaň bilen bagly nähili pursatlar ýadyňa düşýär diýip soradym. Men körpe hem kakamyň jigisiniň ady dakylan bolamsoň, kakam kän ýerlere, esasanam dogduk obasyna äkiderdi. Kompýuterini açyp bilmese-de: «Gyzym, geleweri!» diýip çagyrardy. Ýogalmazynyň öň ýanlary ol öz-özi: «Men halkym üçin näme bitirdimkäm? Şu dünýä gelip heý, bir iş etdimmikäm?» diýdi. Men oňa: «Däde jan, üç gyz, bir ogul perzendiňi ýokary bilimli, halkymyza hyzmat eder ýaly hünärli edip terbiýeläp ýetişdirdiň. Mugallym bolup il-günüň çagalaryna bilim-terbiýe berip ýörüs. Diňe öz çagalaryňy sagdyn terbiýeläniň üçinem hyzmatyň uludyr» diýdim — diýip gürrüň berdi. Şol pursat Aşyrguly aganyň goşgusyna aýdylýan aýdymdaky:
«Razy men bu dünýäden, —
Ajal bilen dikleşemde,
Aglap däl-de, gülüp gitsem,
Dünýäde artyk bolmanmy,
Kem boljagmy bilip gitsem» diýen setirleri gulagymda ýaňlandy.
Aşyrguly aga kakasynyň inisiniň ady dakylan bolansoň, onuň çagalykdan ady Gözjan eken. Häzirem dogan-garyndaşlary, obadaşlary oňa «Gözjan däde» ýa-da «Gözjan daýy» diýýärler. Geňlik onuň şol ady bilenem, Sary lakamy bilenem goşgularyny çapa berendigini aýtdy. Ondan kakasynyň 1991-nji ýylda «Türkmenistan» neşirýatynda çap bolan «Zemin lälesi» atly ulular üçin, 1992-nji ýylda «Magaryf» neşirýatynda çap bolan «Kim akylly?» atly çagalar üçin goşgular ýygyndylaryny okamaga alyp gaýtdym. Şahyryň çagalar üçin goşgy ýazýandygyndanam habarym ýokdy. Aşyrguly Baýryýewiň gyzykly hem täsin goşgulary bar. Olarda tebigat gözelligi özboluşly wasp edilýär. Goşgularyň köpüsi mylaýym ýumora, gülkä ýugrulan, çagalaryň hereketleri ynandyryjylykly suratlandyrylýar. Kitapçada tapmaçalaryň hem birnäçesi ýerleşdirilipdir. Olaryň çözgüdini gözlemeklik çagalaryň düşünjesiniň artmagyna ýardam etjek.
«Zemin lälesi» kitaby onuň ilkinji özbaşdak ýygyndysy. Heniz talypka žurnalistika baş goşmagy ony edebiýat, poeziýa bilen ymykly ysnyşmagyna getirýär. Umuman, Aşyrguly Baýryýew hakynda toplan maglumatlarymdan onuň döredijiligini has içgin öwrenmek üçin bir makalanyň çäginiň dardygyna göz ýetirdim.
Makalamy entek doly ýazyp gutarmankam Aşyrguly aga düýşüme giräýipdir. Men olaryň öýünde gyzy Geňlik bilen kompýuteriň ýanynda durun. Ol gapydan girýär-de: «Men hakda ýazan makalaň çykypdyr» diýýär. Geň galyp ýüzüne seredýän welin, elindäki döwrebap el telefonuny uzadýar-da: «Al, oka-da göräý, ýöne oglanlaň suratynam goýaýmaly ekeniňiz!» diýenden oýandym. Öz-özüm oýa batdym. Düýşümi nähili ýorjagymy bilmedim. «Ölä aýan, dirä güman» diýlenimikä?… bilmedim. Ruhuň şat bolsun, Aşyrguly aga!
Akgül Saparowa.