Aşgabatdaky müşderilerine telekommunikasiýa hyzmatlaryny ýerine ýetirýän esasy operator bolan AŞTU hem öz önümçilik işinde täze tehnologiýalary we programma üpjünçilikleri gurnap, hyzmatlaryň täze görnüşlerini müşderilere hödür edip başlady. Bu barada edaranyň resmi saýtynda habar berilýär.
Indi dürli edara-kärhanalar, firmalar, kompaniýalar we hususy telekeçiler AŞTU bilen “Call center” hyzmatyna şertnama baglaşmak arkaly, özlerine degişli bolan telefon belgilerinde maglumat we sorag-jogap operator ýerlerini gurnamaklyga mümkinçilik aldylar.
“Call center” hyzmatynyň firmalaryň, kompaniýalaryň we hususy telekeçileriň öz hyzmatlaryny we harytlaryny ýurdumyzyň içerki bazarynda ýerlemekde, ýaýratmakda uly ähmiýeti bardyr. “Call center” hyzmaty üçin berkidilen telefon belgiler jaň edýän müşderiler üçin elmydama açyk bolup, operator bilen söhbetdeşlik arkaly gerekli maglumatlar bilen üpjün bolýarlar.
Şeýle hem, öz önümçilik işinde sanly ulgamlary, Internet we online söwda hyzmatlaryny ulanýan hususy kärhanalar, telekeçiler, firmalar-kompaniýalar üçin AŞTU tarapyndan “Co-location” hyzmaty hem ýola goýuldy.
Müşderiler bu hyzmatdan peýdalanmak bilen öz web sahypalaryny, maglumatlar binýadyny ýerleşdimek üçin AŞTU-nyň uly serwerlerinden ýat bölek ýerlerini kärendesine almak, ýa-da özlerine degişli bolan serwerleri AŞTU-nyň tehniki otagynda ýerleşdirmek mümkinçiliginden peýdalanyp bilýärler.
“Co-location” hyzmatyna şertnama baglaşmak we özleriniň serwer enjamlaryny AŞTU-nyň tehniki otagynda ýerleşdirmek arkaly, müşderiler bu serwerlere 24/7 görnüşde tehniki hyzmat, bökdençsiz tok çeşmesi bilen üpjün bolýarlar we serweri merkezi aragatnaşyk toryna birikdirmek üçin aragatnaşyk ulgamlaryny, kanallary kärendesine almak zerurlygyny aradan aýyrýarlar.
AŞTU mundan beýläk hem müşderilere aragatnaşygyň täze görnüşli hyzmatlaryny hödür etmek üçin ähli tagallalary eder.