JEMGYÝET

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Astana şäherinde (Gazagystan) sürüjisiz taksini 2026-njy ýylda işe girizmek meýilleşdirilýär. Bu barada Gazagystanyň Emeli aň ministrliginiň Sanly aktiwler we öňdebaryjy tehnologiýalar komitetiniň başlygy Gizzat Baýtursynow habar berýär.

Degişli ähtnama Astana şäher häkimligi, Emeli aň we ulag ministrlikleri hem-de “Yandex Qazaqstan” kompaniýasy tarapyndan gol çekildi.

Onuň aýtmagyna görä, awtonom tehnologiýalar adam faktoruny azaltmak arkaly ýol-ulag hadysalarynyň sanyny peseldip biler, ýol hereketini optimizirlemäge we ilatyň dürli toparlary üçin ulag elýeterliligini artdyrmaga mümkinçilik döredýär. Bu ýagdaý edaranyň beýanynda aýratyn nygtaldy.

“Biziň üçin howpsuzlyk, jogapkärçilik, adam bilen algoritmleriň özara gatnaşygy meselelerini öňünden işläp taýýarlamak, şeýle-de şeýle çözgütleriň kanuny we aç-açan ýagdaýda ösmegine mümkinçilik berjek kadalaşdyryjy binýady taýýarlamak örän möhümdir. Sürüjisiz taksi — bu tehnologiýalaryň adamyň bähbidine işleýän ‘akylly şäher’ has giň ekosistemasynyň bir bölegidir,” — diýip belledi.

Taraplar taslamany tapgyrlaýyn işe girizmegi meýilleşdirýärler — ilki sürüji režiminden we çäklendirilen synaglardan başlap. Şeýle format şäher gurşawynyň hakyky şertlerini hasaba almaga mümkinçilik berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady