DÜNÝÄ

Asmanda Döwlet baýdagyny şekillendirdi

Türkiýäniň howa ýollary kompaniýasy 23-nji apreldäki baýramçylygy täsin şekilde gutlady. Türk habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, kompaniýanyň uçarlarynyň biri asman ýüzünde Döwlet baýdagynyň esasy nyşanlary bolan Aý bilen ýyldyzy şekillendirdi.

Türkiýäniň Beýik millet mejlisiniň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli amala aşyrylan bu uçuş ýurduň paýtagty Ankara şäherinde başlady we şol şäherde hem tamamlandy. Uçarda ekipaždan başga ýolagçylar bolmady.

Bu uçuş kompaniýanyň TK1920 gatnawy boýunça ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, uçaryň geçen ýoly radar arkaly yzarlanyp, Aýdyr ýyldyzyň şekili alyndy. Bu uçuşa air.tk/TK1920 salgysy arkaly göni ýaýlymda tomaşa etmäge mümkinçilik döredildi.

Ýene-de okaň

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi

Türkmenistan-Mongoliýa: parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygy

Türkmenistan-Ýaponiýa: partiýalaryň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar

Türkmenistan bilen Ýaponiýa emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Ses bermek dowam edýär

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi