Hawa, sözbaşymdaky sorag türkmenlerde birek-birek bilen tanyşlyk açylandaky berilýän soraglaryň başydyr. “Aslym-a pylanylardan bolmaly” diýen jogaby eşitseňem-ä eşidersiň welin, aslynyň türkmendigini, onda-da, men diýen ägirtleriň neslindendigini duýmak bagty damarynda türkmen gany gaýnaýan her bir ynsan üçin buýsançdyr. Türkmen halky duýguçyl halk. Sungat hem duýgudan dörän bolmaly? Şonuň üçin bolsa gerek, biziň sungatymyz beýleki halklaryňka meňzemeýän özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň halkyna peşgeş berýän eserlerini okap, has-da göz ýetirýärsiň. Hormatly Prezidentimiziň eserlerinde ynsan kalbynyň inçe duýgularyny gozgap bilýän güýç bar, jady bar.
Ýaňy-ýakynda hem hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny halkyna peşgeş berdi. Bu diňe bir kitapsöýüjileriň däl, eýsem, ähli türkmen halkynyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Eseriň süňňi durşy bilen millilige ýugrulan. Kitapda ata-babalarymyzyň döreden millilik ýörelgeleri dogrusynda giňişleýin maglumat berlip, rowaýatlardyr bolan wakalaryň üsti bilen delillendirilýär. Eseriň «Asmandan arkaly, Zeminde zynatly» atly birinji bölüminde şeýle setirler bar: «Adam hem-de adamlar üçin iň ýokary derejeli gymmatlyk Zeminiň abadanlygydyr, sagdyn durmuşda , eşretiň hözirini görüp ýaşamakdyr». Dogrudan-da, Garaşsyz ýurtda ýaşamak, zähmet çekmek, döretmek bagtyň hut özi bilen ýüzbe-ýüz bolmakmyka diýýän. Onda biz häzir bagtyň hut özi bilen ýüzbe-ýüz adamlar. Çünki biziň ýurdumyz Ýer ýüzünde ykrar edilen Garaşsyz hem-de hemişelik Bitarap ýurt. Ýurdy abat, jany sag, keýpi kök adamyň öňünde ýetilmejek sepgit ýok. Diýmek, ele galam alyp, ylhamyňy ýaýmaga bahana bar. Ýok, ýok, bahana däl, sebäp bar. Özem — sungatyň süňňüne siňen eserleri. Garaşsyzlyk ýyllarynda şeýle eserleriň sany barha artýar. Okyjylaryň göwün isleglerini kanagatlandyrýan zatlary ýazmak bolsa ýeňil-ýelpaý iş däl. Çünki sungat, döredijilik, adamlaryň ruhuny gözelleşdirmekde, aňyny kämilleşdirmekde uly orny eýeleýär. Kämil ruh, aň-düşünje adamyň häsiýetini sünnäläp, adamkärçiligini belent derejä ýetirýär. Gözel häsiýetli adamlar durmuşyň uly gymmatlygy bolup durýar. Şeýle adamlar il-ýurt bähbitli işleri amal edip, belent derejä ýetýärler. Milli Liderimiz bularyň hötdesinden gelmegi aňryýany bilen başarýar.
Hormatly Prezidentimiz öz eserinde nesil terbiýesini hem ünsden düşürmändir. Ata-babalarymyzyň halallyk menzillerine gadamyny goşan nesilleriň kämil ynsan bolup ýetişjekdigi şübhesizdir. Çünki ynsan kämillik müçesini geçip, garrylyk müçesine gadam basanda-da, bu halal gözbaşdan örküni üzmeýär.
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyň birinji bölüminde danalaryň sözleri getirilip şeýle diýilýär: «Aslyň kimlerdendigini geçmişiň bolmasa, nädip biljek?!» Elbetde, aslyňy bilmek üçin, mynasyp ýaşalan geçmiş gerek. Bu jümleler her bir ynsany geçmişiňe nazar aýlap, ol hakynda çuňňur oýa batmaga mejbur edýär. Ökjäňi galdyryp geljegiňi görüp bolmasa-da, geçmişe salgylanyp onuň suduryny göz öňüne getirip bolar. Biz şeýle bir bagtyýar nesiller. «Aslyň kimlerden?» diýlende, başymyzy belent tutup aýdyp biljek sözlerimiz bar. Eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýän öwüt-ündewler nesilleriň aňyna ornaşyp, döwür bilen deň gadam urýar. Kitabyň terbiýeleýjilik ähmiýeti dogrusyndaky gürrüň bir söhbede sygardan has giň we çuň. Söz söhbede sygmanynda bolsa, goşgy ýa makala döreýär. Makalamyň ahyrynda, ýurt Baştutanymyzyň bütin halk köpçüliginiň söýgüsine mynasyp bolýan eserleriniň sanynyň mundan beýläk-de köp bolmagyny arzuw edýärin!
Altyngözel Amanmämmedowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Syýahatçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Bu makala “Saýlanan Teswirler” ady bilen geçirilen baýrakly taslamanyň ýeňiji bolan eserleriniň biridir. Ýeňiji bolan beýleki eserleri okamak üçin:
Baýrakly Teswirler: Saýlanan teswirler belli boldy
Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys.
Altyn Goşaýewa :Halypa aýdym aýdanda…
…Ýakymly hem-de ajaýyp, dagdan akýan dury suwly çeşmeleriň sesi ýaly şirin labyzly, duýgudan püre-pür owazlaryň ylhamly dünýäsi kalbyňy gurşap alýar…
Halypa. Bu agramly hem-de abraýly söze mynasyp bolmak üçin ussatlaryň geçen döredijilik ýolundan geçip, taba gelmeli, «köp çorba sowatmaly». Ýöne bir geçmek hem däl, onda öz ýoluňy, öz yzyňy goýmagy-da başarmaly. Diňe şonda halypa-şägirtlik mekdebiniň, olaryň özboluşly ýolunyň dowam etmegine, sungatyň giň şahalarynyň geljege sary uzap, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere aşmagyna mynasyp goşandyňy goşup bolar.
Ýurdumyzda ussatlaryň sungat ýoluny mynasyp dowam edip, irginsiz zähmeti, zehin-yhlasy bilen ajaýyp eserleri döredip, zehinli şägirtleri ýetişdirýän halypalaryň baý we köptaraplaýyn döredijiligi dogrusynda näçe gürrüň etseň hem bärden gaýdýar. Şeýle halypalaryň biri, aýdym aýdanda mylaýymdan gelen ýakymly, özboluşly owazyny diňleýjileriň kalbynyň törüne ornaşdyrmagy başarýan, «Ýüzünden ýüregi görnüp duran», ajaýyp heňli aýdymlary ýaly nurana häsiýetli aýdymçy zenan, Türkmenistanyň halk artisti Altyn Goşaýewadyr. Ol häzir «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçileriň medeniýet köşgüniň wokal müdiri bolup işleýär.
Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!