24 — 31-nji oktýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň edara binasynda Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň ýurdumyzdaky ilçihanalarynyň bilelikde guramagynda Ýewropanyň Medeniýet hepdeligi geçiriler.
Türkmenistan bilen ençeme döwletleriň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek medeni çärä ýurdumyzyň hem-de Ýewropa döwletleriniň medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşarlar.
Hepdeligiň çäklerinde ussatlyk sapaklaryny, döredijilik duşuşyklaryny, konsert dabaralaryny hem-de beýleki medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasy:
- 24-nji oktýabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy bolar. Bu çärä gatnaşyjylara Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň hem-de latwiýaly Wity Timermanyň ýolbaşçylygyndaky hor toparynyň çykyşy görkeziler.
- 24 — 26-njy oktýabr aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde italýan diliniň hepdeligi geçiriler.
- 25-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň 14-nji jaýynda sagat 15:00-da latwiýaly hanym Elwita Rukanyň gatnaşmagynda owadan we çeper ýazuw sungaty boýunça ussatlyk sapagy guralar (Bu çärä gatnaşmak üçin öňünden hasaba alynmaly). Şol gün sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda germaniýaly Teo Eşetu we fransiýaly Robert Kaen tarapyndan wideo sergisi guralar.
- 27-nji oktýabrda sagat 14:00-da Medeni-işewürlik merkezinde latwiýaly hanym Ilona Romulyň gatnaşmagynda keramika önümleriniň ýüzüne surat çekmek boýunça ussatlyk sapagy geçiriler.
- 28-nji oktýabrda sagat 11:00-da «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde ýewropa tagamlarynyň taýýarlanyşyna bagyşlanan festiwal geçiriler. Şol gün sagat 14:00-da «ReadIt» kitap dükanynda latwiýaly hanym Elwita Rukanyň gatnaşmagynda owadan we çeper ýazuw sungaty boýunça ussatlyk sapagy guralar.
- 31-nji oktýabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ýewropanyň Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy bolar.
