DÜNÝÄ

Aşgabatda «Türkmenistan – BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň üçünji mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň üçünji mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy gatnaşdylar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar maksatnamalary we taslama resminamalaryny, şol sanda “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň” taslamasyny we ýaşlar, bilim, saglygy goraýyş, sanlylaşdyrma we ýaşyl energetika ýaly ugurlar boýunça BMG bilen bilelikdäki maksatnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

2025-nji ýyldan 2027-nji ýyla çenli döwürde Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky Ýol kartasy hem tassyklanyldy. Bu babatda, mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek baradaky hasabatlary we neşirleri yzygiderli esasda taýýarlamak bilen baglanyşykly utgaşdyryş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar BMG-niň Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek boýunça anyk ädimleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

«Türkmenistan – BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň üçünji mejlisiniň netijelerini jemlemek bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparyna konstruktiw hyzmatdaşlygyň ösmegine goşýan goşandy we ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň dollarynda Trampyň suratyny ýerleşmek üçin kanun taslamasy

Türkmenistan-Bütindünýä banky: hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Özbegistan durmuş goraglylygy pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

Parahatçylygy wagyz etmekde jemgyýetçilik torlarynyň mümkinçilikleri ulanylýar

Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň mejlisi

Halkara Zähmet Guramasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň Aşgabada sapary