JEMGYÝET

Aşgabatda ilkinji gezek Türkmenistan–ÝB işewürler forumy geçirildi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda döwlet edaralarynyň, işewürlik we halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Özarabaglanyşygy pugtalandyrmagyň, maýa goýumlary çekmegiň we durnukly ösüşiň täze gözýetimleri» atly işewürlik forumy geçirildi.

Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen foruma “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy. Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa, Halkara söwda merkeziniň Bazar ösüşi bölüminiň direktory Mondher Mimuni we beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Forum ÝB-niň «Global Gateway» başlangyjynyň çäginde Halkara söwda merkeziniň (HSM) goldawy bilen guraldy. Gatnaşyjylara Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow, ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa, şeýle hem ýurduň Daşary işler ministrliginiň we Halkara söwda merkeziniň wekilleri gutlag sözi bilen ýüzlendiler.

Forumyň maksatnamasy üç sany mowzuklaýyn paneli öz içine alýar:

  1. Söwda we maýa goýum gurşawyny kämilleşdirmek: Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmak boýunça gepleşikler we kiçi we orta telekeçiligiň Ýewropa bazarlaryna çykyşy ara alnyp maslahatlaşylýar.

  2. Ulag baglanyşygy: Hazarüsti ulag koridorynyň ösdürilmeginde Türkmenistanyň orny, gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylmagy we logistika üpjünçilik ulgamy barada gürreň edilýär.

  3. «Ýaşyl» geçiş: Gaýtadan dikeldilýän energiýa, metan zyňyndylaryny azaltmak we halkara maliýe guralaryny (ÝÖ we ÖB, ÝMGB) çekmek meseleleri üns merkezinde saklanýar.

Forumyň çäginde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we GIZ-iň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama üýtgetmeler girizmek baradaky Teswirnama gol çekildi.

Bu resminama «ÝB Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin» taslamasynyň möhledini uzatmagy we 2 million ýewro möçberinde goşmaça maliýeleşdirmegi göz öňünde tutýar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi