MEDENIÝET

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

Paýtagtymyz Aşgabatda Hytaý Halk Respublikasynyň sungat wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen «Ýüpek ýoly karnawaly – Bahar baýramy festiwaly» atly  medeni çäre uly üstünlige beslendi.

Iki dostlukly ýurdy ajaýyp aýdym-sazlar bilen biri-birine has-da ýakynlaşdyran çäräniň çäginde  Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda  Şanhaý şäheriniň simfoniki  orkestriniň Peking operasynyň aktýory, kollegrafiýa boýunça tanymal hünärmen  Yeň Peň Doň mugallymlardyr talyplar üçin ussatlyk sapagyny geçirdi.

Ý.P.Doň bu sungatyň gelip çykyşynyň şekiller bilen bagly boldandygy, hatlary ýazmakda ulanylýan gurallar, reňkleriň taýýarlanylyşy, harplaryň manyly nyşany, çalasynlyk bilen ýerine ýetirilişi barada giňişleýin düşündirdi.

Ol ussatlyk sapagynyň soňunda   atyň hem-de arabanyň şekil ýazgysyny gyzyl reňkli kagyzyň ýüzüne gara syýa bilen ýazyp görkezdi. Talyplar hytaýly hünärmeniň ýazyp görkezen şekillerini gysga wagtyň içinde çalasynlyk bilen gaýtalamagy başardylar.

Ý.P.Doň talyplaryň ukyp-başarnygyna ýokary baha berip, olara okuwda uly üstünlikleri arzuw etdi. Geljekde olaryň bu ugurda has-da kämillige gol berjekdiklerine uly ynam bildirdi.

Ýene-de okaň

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi

Ahyrky garagyş

Türkmenistanda 2-8-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri