JEMGYÝET

Aşgabatda döwrebap seýilgäh açyldy

Paýtagtymyzda döwrebap seýilgähiň hem-de ýerasty geçelgeleriň açylyş dabarasy boldy. Bu taslama ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk senesi mynasybetli halkymyza ajaýyp toý sowgady boldy.

Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda ýerleşýän döwrebap seýilgähiň hem-de Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesinde gurlan ýerasty geçelgeleriň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen ajaýyp paýtagtymyzyň şähergurluşyk keşbiniň owadan desgalarynyň hatary artdy.

TÄZE SEÝILGÄH WE ÝERASTY GEÇELGELER

Täze, döwrebap seýilgähiň eýeleýän meýdany 10 gektara golaý bolup, onuň merkezi böleginde Oguz hanyň ýyldyzy şekilinde ýerleşdirilen suw çüwdürimler toplumy bina edildi. Bu ýerde suw çüwdürimlerinden başga-da, suw howdanlary, bassyrmalar, dynç alar ýaly ýerler gurnaldy, yşyklandyryş sütünleri dikildi. Uzynlygy 320 metre we ini 310 metre deň bolan döwrebap seýilgähde ekilen baglar, dürli güller hem-de döredilen gök otly ýerler suw çüwdürimleri bilen umumy sazlaşygy emele getirip, bu ýeriň howasynyň tämiz bolmagyny üpjün edýär.

Dabara gatnaşyjylar döwrebap seýilgäh bilen tanyşlygy tamamlap, A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesinde gurlan ýerasty geçelgeleriň ýanyna bardylar. Ýerasty geçelgeleriň ýer böleginiň umumy meýdany 6 müň 270 inedördül metre barabardyr. Jemi 4 sany ýerasty geçelgede dükanlaryň ençemesi ýerleşdirildi. Şeýle hem duralgalar guruldy.

Çempionlar ligasy: uly hasaply ýeňişler, garaşylmadyk netije

Ýene-de okaň

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Aziýa Kubogy–2027: ertir Türkmenistan Tailand bilen duşuşar.

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy