SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Stambul-Türkmenabat ýörite uçar gatnawy amala aşyrylýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2021-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Aşgabat-Stambul-Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny ýerine ýetirer.

Bu barada Stambulyň halkara howa menziliniň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Howa menziliniň resmi saýtynda amala aşyrylýan halkara gatnawlarynyň sanawynda «Türkmenistan» awiakompaniýasy amala aşyrýan “T5 3921” Aşgabat-Stambul ugry boýunça uçar gatnawyna hem-de “T5 3922” Stambul-Türkmenabat ugry boýunça uçar gatnawyna orun berlipdir.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2021-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Aşgabat-Stambul-Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny ýerine ýetiripdi.

Mälim bolşy ýaly, dünýäde ýüze çykan koronawirus ýokanjy sebäpli halkara uçar gatnawlaryna çäklendirmeler girizildi we wagtlaýyn togtadyldy.

Häzirki wagtda diňe ýörite uçar gatnawlary amala aşyrylýar. «Türkmenistan» awiakompaniýasy bilen bir hatarda Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy hem Stambul-Türkmenabat-Stambul hem-de Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.

Habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy nobatdaky ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu kompaniýa soňky gezek ýörite uçar gatnawyny şu ýylyň 27-nji oktýabrynda ýerine ýetiripdi.

Russiýa Federasiýasynyň “S7” awiakompaniýasy bolsa Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinden Moskwa şäherine 25-nji ýörite uçar gatnawyny 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda amala aşyrypdy.

Siz halkara uçar gatnawlary baradaky we beýleki habarlary gyzgyny bilen okamak üçin “Google Plaý Marketden” şu ýere basyp “Atavatan APP” Applikasiýasyny ýükläp alyň!

Atavatan TV” YouTube kanalymyzdaky täze show gepleşigimize tomaşa etdiňizmi?  Show gepleşigimize şu wagta çenli Söhbet Kasymow, Ahmet Atajanow, Kerim Hally, Perhat Ataýew we Jelil Atajykow hem-de beýleki sungat ussatlary myhmançylykda boldy. Siz ähli gyzykly we güldürýän show gepleşiklerimizi şu ýere basyp tomaşa edip bilersiňiz!

Siz biziñ @atavatanturkmen Instagram sahypamyzdan saýtymyza girilen Türkmen dilindäki habarlary okap bilersìñiz.

Rus, Inlis we Türk dilindäki Instgaram habarlarymyz ùçin @atavataninternational hasabymyzy yzarlaň!

Android ulgamynda işleýän Google Plaý marketde hereket edýän Makul Sözlük  Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

 

Ýene-de okaň

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy