JEMGYÝET

Aşgabat şäherine täze häkim

Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesine Rahym Gandymow bellenildi. “Orient” neşiriniň habaryna görä, Rahym Gandymow ozal Türkmenistanyň gurluşyk we binägärlik ministri wezipesinde işleýärdi. Rahym Gandymow ozal Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesinde işlän Ýaztagan Gylyjowyň ýerine bellendi.

Habarda bellenişine görä, Türkmenistanyň gurluşyk we binägärlik ministri wezipesine bolsa Guwanç Orunow bellenildi. Ol hem ozal şu ministrligiň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesinde işleýärdi.

Täze şäher häkimi Rahym Gandymow 2020-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary, bir ýarym aýdan bolsa ministr wezipesine bellenipdi.

Ýurdumyzyň syýasy durmuşyna degişli habarlary gyzgyny bilen şu gün agşam size yzygiderli ýetirip durarys.

Habarlar saýtymyza girilen wagty Size “habar” geler ýaly, biziň IMO hasabymyzy (+99365802470) yzarlaň, Instagram hasabymyza (@atavatanturkmen  ýazylyň we Google Plaý Marketden şu ýere basyp ýa-da “Atavatan Türkmenistan” ýazyp mobil goşundymyzy mugt ýükläp alyň.

Şäherara awtobus gatnawlarynyň petekleri onlaýn satylyp başlandy

Ýene-de okaň

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Aziýa Kubogy–2027: ertir Türkmenistan Tailand bilen duşuşar.

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy