SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda berilýän maglumata görä, şu ýylyň 8-nji aprelinde Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite gatnawyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu ýörite gatnaw “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler.

Bu uçar gatnawy üçin awiapetekleriň satuwy 7-nji aprelde sagat 10:00-da “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň edaralarynda satylýar. 
* Aşgabat ş. Oguzhan şaýoly 211 (+99312 39-17-01)
* Mary ş, Magtymguly köç 11 (8 005 22 3-27-77)
* Türkmenabat ş, Magtymguly köç 80 (+993 422 3-92-10)
* Daşoguz ş, Ruhnama köç 100 (+993 322 9-00-58 / 9-12-21 / 9-20-20)
* Türkmenbaşy ş. Azadi köç 2 (+993 243 5-00-52)
Daşary ýurduň raýatlary Russiýa baranlarynda kesel ýoklugy hakynda soňky 48 sagadyň dowamynda alnan test netijesiniň bolmagynyň zerurdygy habar berilýär.
Eger Siziň Russiýa Federasiýasyndaky soňky ugruňyz Moskwa şäher bolmadyk halatynda, “S7” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasyndan tranzit awiapeteklerini satyn alyp bilersiňiz. (A.Nyýazow şaýoly 174, tel.: +993 12 21-05-93 / +993 64 03-37-03).
Aşgabat-Moskwa ugry boýunça gatnawlar 9-njy martda, 14-nji martda, 18-nji martda we 25-nji martda ýerine ýetirilipdi.
Şeýle hem Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy hem 9-njy martda Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyryp, 14-nji martda bolsa, Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça uçuşyny ýerine ýetiripdi.
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Türkmen Ýyldyzlary Ata Watanda: Siziň Ýyldyzyňyz kim?

Ýene-de okaň

Türkıýe – gepleşıklerıñ we gıň gerımlı çärelerıň geçırılýän mekany

Aşgabat-Deli ugry boýunça goşmaça gatnawlar guralar

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler