SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Moskwa-Türkmenabat ugry boýunça uçar gatnawy amala aşyryldy

Şu gün “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan Aşgabat-Moskwa-Türkmenabat ugry boýunça uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçildi.

Russiýanyň ilçihanasynyň gurnamagynda amala aşyrylan bu ýörite uçar gatnawyndan Russiýanyň ilçihanasynyň taýýarlan sanawyndaky 157 ýolagçy peýdalandy. Ýolagçylaryň hatarynda Russiýanyň we Türkmenistanyň raýatlary bar.

Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň 2020-nji ýylyň 16-njy martyndaky 635-nji belgili buýrugyna 2022-nji ýylyň 18-nji martyndan başlap girizilen üýtgetmelere laýyklykda Türkmenistanyň raýatlary we üçünji ýurtlaryň raýatlary üçin COVID-e garşy çäklendirmeler ýatyryldy.

Mundan ozal, Russiýanyň ilçihanasynyň gurnamagynda Aşgabat-Moskwa ugry boýunça gatnawlar 9-njy martda, 14-nji martda, şeýle hem 18-nji martda ýerine ýetirilipdi.

Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar