SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Jidda aralygyna ilkinji ýolagçy uçary gatnawyny ýerine ýetirdi

2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda Aşgabat-Jidda aralygyna ilkinji ýolagçy uçary öz saparyny amala aşyrdy.

Aşgabatdan Saud Arabystany Patyşalygyna tarap asmana galan türkmen laçyny şekillendirilen uçar biraz wagtdan Jidda şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Uçardan düşen türkmen ýolagçylary dostlukly ýurduň topragynda mähirli we myhmansöýerlik bilen garşylandylar hem-de olaryň zyýaratlarynyň we haj parzlarynyň kabul bolmagy dileg edildi.

Şeýle hem bu ýerde, howa menzilinde “Jedko” howa menzilleri toplumynyň başlygy Mazen Mohammed Johar, Saudi howa gämilerine ýerüsti hyzmatlary ýerine ýetirýän SGS kompaniýanyň ýolbaşçysy Omar Ahmed Al-Muodi, Saud Arabystany Patyşalygynyň Awiasiýa häkimiýetiniň iş dolandyryjysy Süleýman al-Bassam bilen “Türkmenhowaýolaryny” agentliginiň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň arasynda gysgaça söhbetdeşlik boldy.

Şeýlelikde, Aşgabat-Jidda-Aşgabat ugry boýunça ilkinji yzygiderli howa gatnawy açyldy we ol hepdede iki gezek amala aşyrylyp, ýolagçylara hyzmat eder.

 

Related posts

27-nji uçar gatnawy: türkmen talyplary Russiýa gitdiler

Ata Watan Eserleri

Ýewropada uly ýaşly ilatyň 46 göterimi sanjym edildi

Türkmenistana lukmançylyk enjamlary getirildi

Ata Watan Eserleri