MEDENIÝET

 “Aşgabat bahary” kinofestiwaly geçiriler

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna, şeýle hem Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlap, ýurdumyzyň çäginde “Aşgabat bahary” atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalyny geçirýär.

Kinofestiwal zehinli kinorežissýorlary, dramaturglary, operatorlary, artistleri ýüze çykarmak, şeyle hem, Aşgabat şäheriniň gözelligini, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten üstünliklerini çeper beýan etmek hem-de çuň many-mazmunly filmleri döretmek maksady bilen geçirilýär.

Kinofestiwala  ýurdumyzyň çäginde hereket edýän döredijilik toparlary gatnaşyp bilerler.

Döredilen filmler 2021-nji ýylyň 15-nji maýyna çenli kabul edilip, “Aşgabat bahary” atly  kinofestiwalyň ýeňijileri 23-nji maýda şu ugurlar boýunça kesgitleniler: (Baş baýragy kinofestiwalyň heýkeli we gymmatbahaly sowgatlar gowşurylar)

  • Eminler toparynyň baýragy
  • Iň gowy režissýor
  • Iň gowy ssenariýa eseri
  • Iň gowy operatoryň işi
  • Iň gowy şekil döreden erkek keşbi
  • Iň gowy şekil döreden zenan keşbi
  • Tomaşaçylar tarapyndan saýlanan film.

“Aşgabat bahary” atly kinofestiwalyna gatnaşmaga howlugyň.

Habarlaşmak üçin: Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň 493701,  49-37-02  telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz.

 

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreler

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni