JEMGYÝET

Aşgabady bezejek täze taslamalar

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda taslamalar, täze binalaryň, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Bu ýerde milli Liderimiziň garamagyna Bitarap Türkmenistan, Türkmenbaşy şaýollarynyň, Nurmuhammet Andalyp hem-de Bekrewe köçeleriniň Arçabil şaýoly bilen kesişýän ýerinde, şeýle hem Köpetdag şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän köprüleriň mozaika görnüşli bezeginiň teklip edilýän taslamalary hödürlenildi.

DÖREDIJILIK MERKEZINIŇ TASLAMASY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda gurulmagy teklip edilýän döwrebap Döredijilik merkeziniň, şonda çagalaryň hem-de uly adamlaryň wagtlaryny peýdaly geçirmegi, sungatyň we medeniýetiň dürli ugurlary, şol sanda nakgaşçylyk, dizaýn sungatlary bilen meşgullanmagy, bu ugurda hünär başarnyklaryny artdyrmagy üçin döredilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalary, olaryň bezegleriniň çyzgylary hödürlenildi. Merkezi bezemegiň, abadanlaşdyrmagyň we ýanaşyk ýerleri bagy-bossanlyga öwürmegiň aýratynlyklary barada jikme-jik maglumat berildi.

“NUSAÝ” MYHMANHANASYNYŇ TASLAMASY

Milli Liderimiziň garamagyna “Nusaý” myhmanhanasynyň gurulmagy teklip edilýän ýerleriniň çyzgylary, binanyň baş meýilnamasy, oňa degişli birnäçe taslamalar, şeýle hem Aşgabat şäheriniň çäginde gurulmagy we döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän binalaryň, ýollaryň şekil taslamalary hem-de ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hödürlenildi. Şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryňdyr desgalaryň teklip edilýän şekil taslamalary barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, täze gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde gurulýan ulag ýollarynda sürüjiler we pyýadalar üçin ähli amatly şertleriň döredilmegine hem-de hereket howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir.

 

Oliç SSKA toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady