SPORT

“Arsenal” topary Angliýanyň çempionatynda 2000-nji ýeňşini gazanan 2-nji topary

Londonyň “Arsenal” topary Angliýanyň milli futbol çempionatynda 2000-nji ýeňşini gazanan 2-nji topary boldy. Londonlylar bu görkezijä Angliýanyň çempionatynyň 12-nji tapgyrynda “Nottingem” toparyny 3:0 hasabynda utup eýe boldy.

Duşuşyklarda 2000-nji ýeňiş Beýik Britaniýanyň taryhynda 2-nji gazanylan netije boldy. Bu ugurda birinjiligi “Liwerpul” topary eýeläp, bu toparyň 2068 gezek gazanan ýeňşi bardyr. Bu ugurda 3-nji orundaky “Mançester Ýunaýted” topary 1910, “Ewerton” topary 1901, “Aston Willa” topary 1724, “Mançester Siti” topary 1597, “Tottenhem” topary 1509 we “Çelsi” topary 1480 duşuşykda ýeňiş gazandy.

“Arsenal” topary 1886-njy ýylyň oktýabrynda esaslandyryldy. 138 ýyllyk taryhy bolan bu london topary 13 gezek Angliýanyň çempiony boldy. 14 gezek Milli kubogy we 17 gezek Superkubogy gazandy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady