Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gelmegi bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde täze özgertmeler, täze galkynyşlar peýda boldy. Bu täze zamanada Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalary netijesinde dörän täze Arkadag şäheri döwrüň iň kämil eseri hem-de asyra şan berjek beýik işi hökmünde halkyň taryhynda täze sahypany açdy.
Arkadag şäherinde täze bir ýaşaýyş medeniýeti, täze durmuş, täze sungatlar kemala gelýär. Bu ýeriň sanlylaşdyrylan ýaşaýyş şertleri, döwrebap ylym-bilim, medeniýet-sungat, ulag-aragatnaşyk, söwda, saglyk, hojalyk hyzmatlary, abadanlaşdyryş-gurluşyk we beýleki pudaklar boýunça mümkinçilikleri diňe bir ýurdumyzda däl, tutuş sebitde «akylly» şäher hökmünde Arkadag şäheriniň abraýyny artdyrýar.
Ýaşlygyň, ýaşaýşyň, ýagşylygyň, ýalkanyşyň şäheri bolan Arkadag şäheri dünýä jemgyýetçiliginiň hem beýik ykrarnamasyna eýe boldy. Häzirki günlerde Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilýän «2024 World Smart City Expo» atly «akylly» şäherleriň halkara sergisinde Arkadag şäheri giňden tanyşdyryldy. Bu halkara serginiň çäklerinde Arkadag şäheri birbada 3 sany abraýly baýaraga mynasyp boldy.
Baýraklar sergä gatnaşyjylaryň arasynda aýry ugurlar boýunça has tapawutlanan daşary ýurt we milli şäherlere hem-de kompaniýalara berildi. «Akylly» Arkadag şäherine bu dabara gatnaşyjylaryň arasynda ilkinji bolup baýraklaryň gowşurylmagy aýratyn bellärliklidir. Şunlukda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheri “Iň tapawutlanan «akylly» şäher” (Smart City Excellence Award), “Daşary ýurt «akylly» şäheri” (Foreign city award), şeýle hem «World Smart City Expo 2024» «akylly» şäherleriň halkara sergisine goşan uly goşandy üçin (WSCE 2024 Contribution Award) baýraga mynasyp boldy. Bu berlen sylaglar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanda şähergurluşyk-binagärlik babatda alnyp barylýan işleriň belent sepgitlere ýetendiginiň ykrarnamasydyr.
Arkadag şäheri dünýäniň iň täze we geljegi uly şähergurluşyk hem-de inženerçilik-tehniki çözgütlerini, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen ägirt uly gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn innowasion ösüşine, ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, halkyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklerini özünde jemleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň düýbi tutulan pursadyndan başlap, bu ýerde alnyp barylýan giň möçberli işleri hemişe üns merkezinde saklady.
Täze taryhy döwürde kabul edilen döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmäge we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Binagärlik-şähergurluşyk işleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Onuň çäklerinde adamlaryň ýaşamagy we dynç almagy üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap şäherler, obalar gurulýar, ähli ýerlerde sanly ulgamlar, “akylly” tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Bu işde “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy”, şeýle hem “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” aýgytlaýjy orny eýeleýär. Bellenilişi ýaly, “akylly” şäherde ulanylýan döwrebap tehnologiýalary hemmetaraplaýyn ulanmagyň zerurdygy äşgärdir. Şunuň bilen baglylykda, kompýuter we innowasion tehnologiýalary özleşdirmäge, bilimiň derejesini ýokarlandyrmaga, beden, ruhy taýdan sagdyn ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge uly üns berilýär. Şeýlelikde, Arkadag şäheriniň dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw mekdeplerinde bilimli, ýokary aň-düşünjeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi. Olar Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösmegine mynasyp goşant goşmalydyrlar.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň taslamalaryny we “akylly” ulgamlarynyň maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de ýaş hünärmenleriniň işjeň çekilendigi bellärliklidir. Munuň özi häzirki wagtda türkmen ýaşlaryna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere gatnaşmaklary, öz ukyp-başarnyklaryny iş ýüzünde amala aşyrmak hem-de özboluşly taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanda binagärlik we tehnologik çözgütleri boýunça täsin şäheri döretmek pikiriniň özi ýokary derejede ösen döwlet hökmünde ýurdumyzyň geljegine strategik nukdaýnazardan garalýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Annamyrat Mawyjaýew,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby.