Şu gün tutuş ýurdumyz da ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek işleri badalga aldy. 2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäherinde birnäçe ýokary we orta hünär okuw mekdepleri öz gapylaryny giňden açar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen maglumatlary “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.
Olaryň hatarynda şu bilim oajklary bar:
- Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ilkinji talyplaryna gujak açýar. Döwrebap akademiýanyň okuw maksatnamasyna 9 sany hünär girizilip, şolaryň 2-si hünärmen, 7-si bolsa bakalawr maksatnamalary esasynda işlerini dowam etdirerler.
- Akademiýada atçylyk, weterinar lukmançylygy hünärleri boýunça hünärmen maksatnamasy esasynda okuw alnyp barylsa, seýisçilik, weterinar we sanitar ekspertizasy, milli at üstündäki oýunlar, atly sport we atly syýahatçylyk, sirk sungaty, ykdysadyýet, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) ugurlardan talyplara bakalawr maksatnamasy esasynda bilim berler.
- Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde başlangyç synplarda okatmak, mekdebe çenli bilim we terbiýe hünärleri boýunça talyplara sapak berler. Onda matematika, informatika, geografiýa, rus dili, iňlis dili derslerini 5-nji we 6-njy synplarda okatmaga hukugy bolan başlangyç synp mugallymlary, şeýle-de çagalar baglarynda iňlis dilini okatmaga hukugy bolan terbiýeçiler taýýarlanylar.
- Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi hem ilkinji gezek dalaşgärleri okuwa kabul etmek möwsümine girişdi. Onuň okuw maksatnamasyna hünärleriň 6-sy girizilip, şepagatçylyk işi, laboratoriýa anyklaýyş işi, bejeriş işi, fizioterapiýa we dikeldiş işi, akuşerçilik işi, ortopedik stomatologiýasy hünärleri boýunça dalaşgärleriň resminamalary kabul ediler.
- Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi hem bu möhüm möwsüme ýokary guramaçylykly girişdi.
