JEMGYÝET

Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň binasy gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy we olaryň işini döwrebap derejede alyp barmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ilki bilen bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän muzeýiň içki bezeg aýratynlyklaryna, muzeýiň otaglarynyň abadanlaşdyrylyşyna degişli taslamalary synlap, muzeýiň bezeg aýratynlyklarynda milli binagärlik ýörelgelerinden ugur alynmalydygyny, şunda muzeýde ýerleşdiriljek milli gymmatlyklaryň özboluşly sazlaşygyna möhüm üns berilmelidigini belledi.

Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň, hususan-da, muzeýiň hem-de Arkadag şäheriniň Baş metjidiniň içki we daşky bezeg işlerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän mermer daşlarynyň görnüşleri görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda Arkadag şäheriniň muzeýiniň we Baş metjidiniň daşky görnüşlerine degişli birnäçe belliklerini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryna saglygy goraýyş, ýeňil senagaty we azyk önümleriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşygy meýilleşdirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Arkadag şäheriniň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň binasynyň ýerleşjek ýerini kesgitläp berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz degişli işleriň depginini birjik-de gowşatmaly däldigini, her bir desganyň gurluşyk işlerine örän ünsli çemeleşilmelidigini, bu ugurda halkymyzyň bagtyýarlyga we eşretli döwrebaplyklara eýe bolmagy üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini hemişe gözegçilikde saklamalydygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak türkmen türgenleriniň türgenleşikleri geçirmekleri üçin ýokary derejeli mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işlere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler