SPORT

«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasyna taýýarlanýar

Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň duşuşyklaryna taýýarlygyň çäklerinde şu günler Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýar. Topar bu ýerdäki türgenleşikleriň çäklerinde halkara derejeli ýoldaşlyk duşuşyklaryny hem geçirýär.

Şol duşuşyklaryň ilkinjisi ýerli «Al-Hamriýa» topary bilen geçirildi. Bu duşuşyk ýurdumyzyň çempionynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Topar bu ýerdäki ýygnanyşyk tamamlanansoň, Kuweýte gider. Ozal hem habar berşimiz ýaly, dostlukly döwletde yklym ýaryşynyň «B» toparçasynyň duşuşyklary geçiriler. Bu ýaryş toparyň taryhyndaky ilkinji resmi halkara ýaryş bolar. Topar halkara derejeli ilkinji resmi duşuşygyny 26-njy oktýabrda geçirer. Şol günki garşydaş Maldiw adalarynyň «Maziýa» topary bolar. Soňra ýurdumyzyň çempiony 29-njy oktýabrda Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata», 1-nji noýabrda bolsa Kuweýtiň «Al-Arabi» topary bilen duşuşar.

Ýeri gelende aýtsak, yklymyň üçünji derejeli klublaýyn ýaryşy bäş toparçada geçirilýär. Olaryň üçüsi Günbatar, ikisi bolsa Gündogar sebite wekilçilik edýär. «Arkadag» topary ýaryşyň çärýek finalyna çykmak üçin öz toparçasynda birinji ýa-da ikinji orny eýelemeli bolar. Toparçalarda üçünji orny eýelän toparlaryň arasyndan iň ýokary görkezijä eýe bolany hem çärýek finala gatnaşdyrylar. Çärýek final duşuşyklaryny 2025-nji ýylyň 5 ― 12-nji marty, ýarymfinallary 9 ― 16-njy apreli aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär. Ýaryşyň final duşuşygynyň geçiriljek ýeri we senesi barada biraz soňrak habar berler.

Ýene-de okaň

Gazagystanly Ýelena Rybakina “Australian Open” ýaryşynda ýeňiş gazandy

UEFA Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly futzal emini Aziýa Kubogynyň duşuşygynda eminlik etdi

Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna gatnaşjak ähli toparlar belli boldy

«Arkadag» – «Al-Nasr» duşuşygy: «Nusay» nyşanly sport köýnekleri çykarylar

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine täze ýolbaşçy saýlandy