JEMGYÝET

Antoniu Guterriş: BMG-niň Awaza forumy uly ähmiýete eýedir

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan  döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.

Türkmenbaşy halkara howa menzilinde ýokary myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, belent mertebeli myhmana Türkmenistana sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirip, bu forumyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen gabat gelmeginiň ähmiýetine aýratyn üns çekdi.

Antoniu Guterriş maslahaty häzirki zaman dünýä meseleleriniň çözgütlerini tapmak üçin möhüm meýdança hökmünde häsiýetlendirdi hem-de Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşe we halkara dialoga ymtylýandygyny nygtady.

Forumyň gatnaşyjylary deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ulag geçelgelerini ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Ulag-logistika ugrunda hyzmatdaşlyk bilen bagly şertnamalaryň baglaşylmagyna we bilelikdäki taslamalaryň başlanylmagyna garaşylýar.

Maslahat söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, bu ýurtlaryň dünýä bazarlaryna elýeterliligini gowulandyrmaga hem-de olaryň global ykdysadyýete goşulmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir.

Bu forum ulag diplomatiýasynyň ösdürilmeginde hem-de yklym derejesinde halkara hyzmatdaşlygynyň ilerledilmeginde möhüm ädim bolar.

Ýene-de okaň

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri