DÜNÝÄ

Ankaralylar Türkmenistanyň Bitaraplygy bilen tanyşýarlar

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän 2020-nji ýylda Türkmenistan BMG derejesinde yglan edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyny belleýär we bu wajyp sene mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli çäreler geçirilýär.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň gurnamagynda, Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäheriniň merkezi ekranlarynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolanyndan soň 25 ýylyň dowamynda gazanan sepgitleri barada wideorolikler görkezildi.

 

Şeýlelikde, Türkiýe Respublikasynyň paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty, onuň durnuklylygy, howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmekdäki orny bilen ýakyndan tanyşdylar.

Şeýle hem şäheriň birnäçe ýerlerinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy baradaky bannerler ýerleşdirildi.

Mälim bolşy ýaly, şeýle çäreler dünýäniň beýleki ýurtlaryndan hem geçirilýär. Ýaponiýanyň, Rumyniýanyň, Gruziýanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary we onuň myhmanlary türkmen bitaraplygy barada gyzykly maglumatlar aldylar.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlyk boýunça Teswirnama gol çekildi

Aşgabatda “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisine taýýarlyk görýär