DÜNÝÄ

Anjeý Madeý Türkmenistandaky 28 ýyllyk attaşelik wezipesini tamamlady

2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabatda işini tamamlaýan Watikanyň Türkmenistandaky Apostol Nunsiaturasynyň Medeniýet meseleleri boýunça Attaşesi Anjeý Madeý bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Daşary işler ministri Türkmenistan bilen Keramatly Tagtyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary öňe itermekde goşan şahsy goşandy üçin jenap Madeýe minnetdarlyk bildirdi,

Öz gezeginde jenap Madeý Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk dörediji işine hem-de konstruktiw daşary syýasatyna ýokary baha berdi. 28 ýylyň dowamynda ýurdumyzda diplomatik işini durmuşa geçirmäge ýardam berendigi üçin ol Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Şeýle-de taraplar geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de halkara gatnaşyklarynda ynsanperwerlik gymmatlyklaryny öňe sürmegiň zerurlygyny bellediler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini gurnadylar

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy