MEDENIÝET

Amerikada Türkmen dutarynyň owazy

Amerikada Türkmen dutarynyň owazy ýene bir gezek belentden ýaňlanar. Üstümizdäki ýylyň aprel aýynyň 13-ine ýerli wagt bilen sagat 20:00-da Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň Bennington Kollejinde “Türkmenistanyň halk aýdym-sazy” atly gara gazma dutaryna bagyşlanan konsert bolar. Şol konsertde “Oglan bagşy” ady bilen dünýäniň dürli künjeginde tanalýan Muhammetgeldi  Geldinejat çykyş eder.  Bu konsert  saz ylymlary professorlar tarapyndan gurnalýar.

Konsertiň Web sahypasy: https://www.bennington.edu/events/oghlan-bakhshi—traditional-music-of-turkmenistan.

 

Muhammetgeldi  Geldinejat 1993-nji  ýylyň  iýun aýynyň  9-yna  Eýran Yslam  Respublikasynyň  Gülistan welaýatynyň (Türkmen-Sähra) Kümmet-Kowus şäherinde doguldy.

Ol 6 ýaşyndan dutar çalmagy we aýdym aýtmagy öz kakasy ussat gyjakçy Abdulghaffardan  we Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewdan öwrenip başlady. Onuň maşgalasynyň hemme agzalary aýdym saz bilen meşgullanýar. Ýaşyna garamazdan çylşyrymly aýdymlary we dutarda halk sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýändigi üçin 9 ýaşynda “Oglan bagşy” lakamy, aýdym-saz ussatlarynyň we halkyň tarapyndan berildi.

Ol birnäçe döwlet derejesindäki geçirilen çärelerde, daşary ýurtlardaky geçirilýän konsertlere gatnaşyp halkyň söýgüsini gazanmagy başardy, şeýle-de birnäçe halkara bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp boldy. Onuň çykyş eden festiwal we bäsleşiklerinden birnäçesi şulardan ybarat:

2003-nji ýylda Eýran Yslam Respublikasynyň Şiraz şäherinde geçirilen aýdym-saz bäsleşiginde birinji orna eýe boldy.

2008-nji ýylyň oktýabrynda Çehiýa Respublikasynda geçirilen halkara aýdym-saz bäsleşiginde, 60-dan gowrak ýurtlaryň wekilleriniň arasynda Türkmeniň aýdym-saz sungatynyň ýeke-täk wekili hökmünde çykyş etdi we ýaryşa gatnaşan 60 döwletiň wekilleriniň arasynda birinji orna we altyn baýraga eýe boldy.

Ýene-de şu ýylda, Dünýä Türkmenleriniň “Özgeriş ülkesi – Türkmen ýaýlasy” atly ilkinji  halkara festiwalynda üstünlikli çykyş etdi.

2009-njy ýylyň noýabr aýynda  “Daňatar   Öwezow” adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa kabul edildi.

2010-njy ýylda “Ýaşlyk, Miras, Türkmen Owazy” teleýaýlymlarynda ençeme aýdymlar we sazlar bilen çykyş edip, özünüň ukybyny görkezmegi başardy.

2011-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyr” bäsleşiginde ýeňiji diýip yglan edildi.

2012-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistan boýunça geçirilen bagşylaryň aýdym-saz bäsleşiginde birinji orna eýe boldy.

2013-nji ýylyň maý aýynda Fransiýa we Ispaniýa döwletleriniň çakylygy bilen Ýewropanyň abraýly teatrlarynda, Gazagystanyň we Mongoliýanyň saz ussatlary bilen birlikde birnäçe  türkmen saz sungatyny beýan edýän konsertler bilen üstünlikli çykyş etdi we diňleýjiler we Ýewropadaky saz alymlarynyň tarapyndan uly baha berildi.

2013-nji ýylyň iýun aýynda D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi üstünlikli tamamlady.

2014-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramyna  bagyşlanan konsertde ata Watanymyzy wasp edýän birnäçe aýdym bilen çykyş  etdi.

2014-nji ýylyň oktýabrynda  M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa kabul edildi.

2017-nji ýylda, Türkmenistanyň gözel paýtagy Aşgabat şäherinde geçirilen “Aziada 2017” oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabarasynda aýdym-saz toparlar bilen birnäçe sazlary dutarda ýerine ýetirdi.

2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Fransiýa döwletiniň Pariž şäherinde ýerleşýän we Ýewropanyň iň abraýly konsert zallarynyň biri bolan Teatr de la Will-de halk aýdym we sazlar bilen çykyş etdi.

2019-njy ýylda M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny üstünlikli tamamlady.

2021-nji ýylyň mart aýynda Eýranyň paýtagy Tähranda geçirilen aýdym-saz bäsleşiginde  işlän täze eserleri bilen gatnaşdy we eminler tarapyndan birinji orna we festiwalyň iň ýokary derejeli eseri diýen hatyny aldy.

2021-nji ýylyň mart aýynda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde ýerleşýän milli flarmoniýasy tarapyndan “Türkmen bagşysy” atly konserti gurnamaga çagyryldy we şol ýerde Hormatly Prezidentimiziň ylmy eserlerinden maglumat berlen birnäçe sazlary we aýdymlary ýerine ýetirdi.

2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň abraýly okuw mekdebi, Wesleýan uniwersiteti tarapyndan Türkmen aýdym-sazyny tanatmak üçin konserte çagyryldy. Bu konsertde Türkmenistanyň Prezidentiniň  “Ile döwlet geler bolsa” atly kitabyndan birnäçe halk sazlary dutarda ýerine ýetirip we kitapda uly orun alan halypa-şägirtlik ýoly barada gürrüň berdi. Galyberse-de, şolar barada ýokary okuw mekdebiniň aspirant talyplarynyň soraglaryna we gyzyklanmalaryna jogap berdi.

2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Amerikanyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan, Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Kolumbiýa uniwersiteti tarapyndan ýörite Türkmen aýdym-sazy barada ylmy gepleşige çagyryldy we Türkmen saz sungatynda köneden gelýän halk sazlarynyň birnäçesini ýerine ýetirdi.

2021-nji dekabr aýynda Wesleýan uniwersitetinde aspirant talyplar üçin gurnalan “Merkezi Aziýanyň saz ylmy” atly maslahatda çykyş etdi. Bu çykyşynda Muhammetgeldi ÝUNESKO tarapyndan ygan edilen “dutar ýasamak senetçiligi hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” barada Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan medeniýet ugry boýunça atalyk aladalary we  tagallalary barada ýokary okuw mekdebiniň talyplary bilen duşuşyygynda belledi we gyzykly soraglara jogap berdi, şeýle-de birnäçe halk saz we aýdymlary ýerine ýetirdi.

2022-nji ýylyň aprel aýynda Amerikanyň birnäçe abraýly ýokary okuw mekdeplerinde üstünlikli çykyşlaryndan soň, saz ylymlary professorlaryň tarapyndan Bennington Kollejinde “Türkmenistanyň halk aýdym-sazy” atly gara gazma dutaryna bagyşlanan konsertde çykyş eder.

 Youtube sahypasy :

: https://www.youtube.com/user/TheOghlanbakhshi.

https://www.youtube.com/watch?v=nzM-MopqkvQ.

https://www.youtube.com/watch?v=kKSgRfK0Ms8.

https://www.youtube.com/watch?v=QWo34EtYuKg.

https://www.youtube.com/watch?v=iJJwvwd7zpA.

https://www.youtube.com/watch?v=Kx91ymwbm_g.

 

 

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek medeni çäreler

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk