SIZDEN GELENLER

Aloe weranyň peýdasy we bejeriş aýratynlyklary

Aloe wera bejeriş aýratynlyklary sebäpli dürli biologiki goşundylary we dermanlary öndürmekde ulanylýar. Onda köp witaminler, minerallar, fermentler we aminokislotalar bar. Lukmançylykda gadymdan bäri ulanylyp gelinýän ösümlikdir.

Aloe weranyň peýdalary:

  • gan aýlanyşygynyň kadalaşmagy;
  • bedeniň gorag funksiýalaryny ýokarlandyrmak;
  • stomatologiýada;
  • rak keseline garşy netijeli göreş;
  • iýmit siňdiriş ulgamynda metabolik prosesleriň dikeldilmegi;
  • sowuklamanyň öňüni almak.

Esasy işjeň maddalaryň biri antibakterial we çişmä garşy täsirleri bolan bu jadyly ösümligiň peýdalary sanardan kändir. Aloe wera sowuklama we wirus kesellerine garşy göreşmäge kömek edýär. Witaminler bilen baýlaşdyrylan bu ösümligiň bejeriş şiresi deri kesellerini, iýmit siňdiriş we dem alyş organlaryndaky keselleri bejermekde giňden ulanylýar.

Aloe ekstrakty işdäni artdyrýar, bedendäki ýag we uglewod çalşygyny goldaýar, holesteriniň we ganyň glýukoza derejesini gözegçilikde saklaýar. Dermatologiýada aloe deri kesellerini, şol sanda dermatit we ş.m. bejermek üçin ulanylýar. Netijede ýaralaryň bejergisi we deriniň täzelenmegini çaltlaşdyrýar.

Ösümlik diňe bir dermnsenagatda,kosmetologiýada we azyk senagatynda däl, eýsem iýmit goşundylary önümçiliginde-de ulanylýar. Bulara witaminler, aminokislotalar, beloklar, minerallar, ýag kislotalary, saponinler, polimerler, fermentler we ş.m. degişlidir.

Kosmetologiýada aloe dürli ýüz ideg önümleriniň bir bölegidir, sebäbi ol deri gatlaklara çuňňur aralaşýar we aýdyň nemlendiriji täsir edýär. Aloe weranyň bellenilmegine esasy garşylyklar, şahsy çydamsyzlyk, ýiti aşgazan-içege bozulmalary, ýürek-damar ulgamynyň agyr patologiýasy, böwrek çişmesi, we ş.m.

Aloe wera bütin dünýäde lukmançylykda ulanylýan gadymy ösümlikleriň biridir. Dermanlyk häsiýetleri bilen halklar arasynda uly meşhurlyga eýedir.

Şonuň üçin aloe werany ulanmazdan öň aloe wera esasynda goşundylary ýa-da taýýarlyklary bellemegiň zerurlygyny kesgitleýän hünärmen bilen maslahatlaşmak möhümdir. Beýleki iýmit goşundylary ýaly, gündelik dozany berk berjaý etmek bilen ulanylýar.

Aloe werany bölekleýin ýa-da doly yzygiderli ulanmak Köplenç ýürek bulanmagy, demgysma, peşew ýollarynyň ýokançlyklaryndan,  süýji keselinde gan şekeriniň peselmegine täsir edýändigini görkezdi.

Deriniň tarapynda aloe ekstraktlary ýanmagy, ýaralary, ekzema, toshbaýaz, örgünleriň täsirleri, gury deri we ýokanç lezýonlary bejermek üçin ulanylýar. Deriniň janlandyryjy täsirini güýçlendirip täze we arassa derini döredýär. Aloe işjeň düwürtik zeperlenmeleriniň bejergisine hem goşant goşýar.

 

ANNAÝEW TIRKIŞ,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň Tebigy  bilimler kafedrasynyň dosenti

 

Sport täzelikleri: Pele Ronaldonyň üstünligine boýun boldy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi