JEMGYÝET

«Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň rus dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen guraldy.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, ýurdumyzda işleýän ilçihanalaryň we halkara guramlaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi. Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň, ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerini  hem-de türkmen halkynyň döredijilikli ruhuny janlandyrýandygy barada bellenilip geçildi.

Şeýle hem tanyşdyrylyş dabarasynda Russiýa Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohin, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimow, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wagtlaýyn utgaşdyryjysy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Baýramgül Orazdurdyýewa, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farruh Homiddin Şarifzoda çykyş etdiler.

Çärä gatnaşyjylar «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyň rus dilinde neşir edilmegi okyjylaryň giň köpçüligine Aşgabadyň baý taryhynyň ähmiýetli sahypalary, şäheriň binagärlik aýratynlyklary we gözelligi, şeýle hem Türkmenistanyň paýtagtynyň geljegi bilen ýakyndan tanyşmaga mümknilik berýändigini nygtadylar.

Bu günki tanyşdyrylyş dabrasy strategik ähmiýete eýe bolan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň barha berkeýändiginiň subutnamasydygy babatynda aýdylyp geçildi hem-de gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, ykdysady, ynsanperwer ugurlar boýunça ösdürilmeginiň täze mümkinçilikleri dogrusynda bellenildi.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly rus dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň adyndan Ýüzlenme kabul edildi.

 

Gündelik Täleýnama: 23 Maýda Ýyldyzlar näme diýýär?

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy