BIZNES

“Airbus” müşderilerine 700 uçar tabşyrar

Dünýäniň öňdebaryjy awiagurluşyk kompaniýasy “Airbus” 2022-nji ýylda müşderilerine 700 uçar tabşyrar. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirilen beýanatda bellenilip geçilýär.

“Frans-Press” habarlar gullugynyň habaryna görä, ozal meýilnamalaşdyrylan uçardan 20 sany uçar azdyr. Pandemiýa döwürden emele gelen çäklendirmeler we öňüni alyş çäreleri sebäpli uçarlaryň öndürilişiniň meýilnamasy üýtgedi.

– Kompaniýa 2022-nji we 2023-nji ýyllarda “A320” kysymly uçarlaryň önümçiligine üýtgedişler giriziler. 2024-nji ýyldan başlap, her aý 65 uçar öndürmegi meýilleşdirýäris – diýip, kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Giý Fori habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, “Airbus” kompaniýasy 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda 297 täjirçilik uçaryny müşderilerine iberdi. 2021-nji ýylyň degişli döwründe hem şol möçberde uçar müşderilere ýerlenipdi.

 

Türkmen kompaniýasy ilkinji gezek Azerbaýjanda wekilhana açýar

Related posts

Türkmenistan Devlet Başkanı’nın Türkmen halkına mesajı

vepa

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär

Uluslararası Aşkabat Havalimanı Görkemli Bir Törenle Açıldı

vepa