MEDENIÝET

Ahyrky garagyş döwri başlandy

Türkmenleriň milli senenamasy boýunça 6-njy fewralda kiçi çille tamamlanyp, gyşyň iň soňky bölegi bolan ahyrky garagyş döwri başlanýar. Ol uly we kiçi çillelerden soňra togsan günläp dowam edýän gyşy tamamlap hem berýär. Ýagny ol 7-nji fewraldan 22-nji fewrala çenli dowam edýär. Bu döwür gyşyň öz ornuny ýaza berýän döwri bolansoň, howa birneme maýlap başlaýar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär. 

Daş-töweregimizi gurşap alan ösümlik dünýäsine jan girip, agaçlar pyntyklap başlaýar. Bu ýyl gyşyň maýyl gelmegi bilen birnäçe miweli agaçlar wagtyndan öňräk hem gülledi. Biziň ýurdumyzda ähli agaçlardan ir oýanýan badam baryp, ýanwaryň aýagynda gülledi. Erikleriň käbir görnüşleri-de pyntyklady. Şeýle ýagdaýda ahyrky garagyşda howa gazabyna tutaýsa, bir gijäniň özünde doňduryp, baglara uly zyýan ýetirip bilýär. Bu ýyl şeýle ýagdaýyň gaýtalanmazlygy üçin bagbanlar dürli çäreleri görüp başladylar. Baglaryň arasyna gaty ders bölekleri daşaldy. Eger-de gijelerine doňakçylyk boljak bolsa, onda şol üýşürilen dersi otlap, ondan çykýan tüssäniň bagyň depesinde bulut bolup durmagy belli bir derejede howanyň sowuk akymynyň öňüne böwet bolýar.

Ata-babalarymyzyň gyşyň ahyrky bölegine «ahyrky «garagyş» diýmeginiň özboluşly sebäbi bar. Olar «Kiçi çilleden soň, adamlar gyş gutardy diýip arkaýyn bolmasynlar, entek togsan dolman, gyş gutarmaz» diýen düşünjäni öz nesilleriniň aňyna guýupdyrlar. Bu barada Magtymguly Pyragy şeýle ýazypdyr:

Derwüşler köňli jem dursun namaza,
Ýigitler ýygylsyn söhbete-saza,
Ilimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza,
Togsan dolup tamam bolsun gyşymyz.

Hawa, ahyrky garagyş öz ornuny çarwa nowruzyna berende, ýagny 22-nji fewralda eždatlarymyz ýazy garşy alýandyklaryny uly dabara bilen belläpdirler. Şundan soň ýazlaga çykan çarwalar ilkinji guzynyň owuz süýdünden sarganmaýa taýýarlap, birek-birege hödür-kerem edipdirler. Ine, bereket bulagynyň başy açylýan şeýle günler indi uzakda däl.

Ýene-de okaň

Magtymgulyşynaslar üçin möhüm gollanma

Aşgabatda meşhur hindi filmleri görkeziler

Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan zehinli çagalar

Aşgabatda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlar sylaglandy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenfilm» birleşiginden Täze ýylda täze filmler

Tunisli ýyldyz Amani Swissi Türkmenistanda çykyş etdi