JEMGYÝET

Ähli oba ilaty giň zolakly internet ulgamy bilen üpjün ediler

Wideoaragatnaşyk  arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisininde  hormatly Prezidentimiz şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowy «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradowy we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy.

Wise-premýer ulag-kommunikasiýa ulgamyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýanwar-aprel aýlarynda geçiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe toplumyň düzümleri önümçilik meýilnamasyny 107,7 göterim ýerine ýetirip, 108,5 göterim ösüş gazandylar.

«Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça ösüş depgini 105,9 göterime, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 122,6 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 144,9 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 111 göterime deň boldy.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary boýunça ýük we ýolagçy gatnawlarynyň meýilnamasy degişlilikde 108,4 göterim hem-de 100,3 göterim berjaý edildi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew pudagyň ähli düzümlerini sanlaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, düzümiň işine häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny, halkara tejribesini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

«Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradow hem öz gezeginde pudagy sanly ulgama geçirmek hem-de ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, degişli çäreleri görmegi hem-de ulag düzümleriniň işini hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şol bir wagtda milli ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmagyň döwlet maksatnamasyny işjeň durmuşa geçirmek, şeýle hem sanly ulgam babatynda ilatyň sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzyň ähli oba ilatyny giň zolakly internet ulgamy bilen üpjün etmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi, munuň özi ýerlerde onlaýn arkaly bilimi bermäge, telelukmançylyga, döwlet hyzmatlaryna, şeýle hem elektron söwdalaryna ýol açar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek we bu ugurda degişli maksatnamany taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns bermegiň zerurdygyny belläp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

 

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi