JEMGYÝET

“Ahalteke” atly welosiped

Soňky döwürlerde ýygy-ýygydan köp sanly üýtgeşik markaly welosiped atlary duýýarys. Olaryň ýene-de biri barada metbugat sahypalarda bellenilip geçilýär. Ol hem “Akhal” modelidir. Bu barada “extans.design” kompaniýasynyň internet sahypasynda beýan edilýär.

Bu welosipediň öz adyny “Ahalteke” adyndan alandygy aýdylýar. Ahalteke türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Alymlar ahalteke atynyň 3 müň ýyl mundan ozal adamlar tarapyndan ilkinji eldekleşdirilen bedewdigini hem-de bu bedewleriň watanynyň Türkmenistandygyny belläp geçýärler.

Dünýäniň iň owadan bedewleriniň biri hasaplanýan “ahalteke” bedewiniň adyny göterýän “Akhal” atly welosiped modeli hem köpleriň ünsüni çekýär. Adaty welosiped Angliýanyň “Extans Desing” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Bu welosiped “Shadow” hem-de “Shine” atly iki görnüşde öndürilipdir.

Ýeňil hem-de sürmek üçin amatly bolan bu welosiped Beýik Britaniýada öndürilýär. Onuň agramynyň 9,5 kilograma deňdigi aýdylýar.

“Akhal” atly welosiped energiýa, sazlaşyk we deňagramlylyk ýaly esasy 3 ýörelgäni özünde jemläp, welosiped muşdaklaryny kaşaňlygy hem-de owadanlygy bilen özüne bendi edýär.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy