SPORT

«Ahal» Çempionlar ligasynda «Al-Feýha» toparyny kabul eder

Türkmenistanyň çempiony «Ahal» Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Çempionlar ligasynyň toparçadaky ýaryşynda çykyş edýär.

Ildeşlerimiz ilkinji duşuşyklaryny 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirerler.

«Ahalyň» Çempionlar ligasynyň toparçasyndaky ilkinji bäsdeşi Saud Arabystanyň kubogynyň eýesi «Al-Feýha» kluby bolar.

«Al-Feýha» El-Majmaa şäherine wekilçilik edip, garşydaşlaryny «Korol Salman Sport Siti» stadionynda kabul edýär.

Related posts

Makgregor amerikaly Maýkl Çendler bilen tutluşyga çykar

Şa toparynyň şowsuz oýunçylary

S.Berdimuhamedow Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar