- Pomidor — C witaminlerine we beýleki ýokumly maddalara baý bolmagyna garamazdan aç wagtyň iýmek maslahat berilmeýär. Pomidoryň düzüminde tanik kislotasynyň (дубильная кислота) bar. Ol boş aşgazanda turşulygy ýokarlandyrýar we onda ýara we käbir kesellere sebäp bolup bilýär. Şonuň üçin aşgazan agyrysy bolan adamlar pomidordan başga-da apelsin, limon we sitrus miweleri iýmeklik maslahat berilmeýär.
- Gazlandyrylan içgileri — köp adamlar islendik wagt içmek isleselerde gazly içgiler olaryň köpüsine içmek zyýanlydyr. Gazlandyrylan içgileri aşa köp içmeklik aşgazanda kislotaly şertleri ýokarlandyrýar. Aşgazanyň kislotany aşa köp kabul etmegi, käbir kesellere sebäp bolup bilýär. Şonuň üçin aç wagtyňyz gazly içgileri içmekden saklanmak maslahat berilýär.
- Konditer önümleri — her bir adam üçin iň naýbaşy iýmitleriň biridigi hemmämize mälimdir. Taýýar konditer önümleri ir bilen ertirlik üçin ýa-da ýanyň bilen götermäge amatly ýürekse iýmit hasaplansa-da, olary aç wagtyň iýmeklik maslahat berilmeýär. Konditer önümleriniň aşa süýji görnüşleri aç wagtyňyz iýmeklik aşgazan üçin zyýanlydyr. Bulardan başga-da konditer önümlerine goşulýan käbir hamyrmaýalar siziň aşgazanyňyzy bimaza edip biler.
- Burçly iýmitleri — aç wagtyňyz iýmekden saklanmalydyrys. Käteler hoşboý ysly naharlary küýseýändigimize garamazdan nahar taýýarlanymyzda ajy önümleri, tagam berijileri ulanmaklyk aşgazanymyz üçin zyýanly bolup biler. Çünki ajy önümleriň aşgazanda siňme ukyby pes bolýar. Şonuň üçin hem sarymsak, ajy burçlary we beýleki öý şertlerinde taýýarlanýan ajy iýmitleri az mukdarda iýmeklik maslahat berilýär.
- Süýji önümleri — her bir ynsanyň iň söýgüli iýmitleriniň biridir. Şeker aşgazanda siňmesi aňsat. Emma süýji önümlerini aç wagtyňyz iýmeklik adam bedeniniň gan aýlanyşynyň kadaly derejesini üýtgetdip biler. Mundan başga-da şeker aşgazandaky beýleki kislotalaryň bozulmagyna getirýär. Gan basyşy ýokary bolan adamlara şekeri köp içmekden we süýji önümlerini aşa köp iýmekden gaça durmalydyr.
- Gatyk — saglyga peýdasy bolan ýokumly içgileriň biridir. Emma muňa garamazdan, bu içgi aç wagtyň içmeklik maslahat berilmeýär. Çünki aç wagtynda içilen gatyk aşgazandaky kislotalara zeper ýetirýär. Gatyk nahardan soňra 1-2 sagat soňra içmek iň gowy usullaryň biridir.
- Armyt — tagamly hem-de saglyk üçin iň peýdaly miweleriň biridir. Armydyň düzüminde çig süýüm bar. Armydy aç wagtymyz iýenimizde, ol aşgazanymyzdaky näzik gyjyndyrmalara zyýan berip, aşgazan agyrysyna zyýan berip biler. Ony başga iýmitleriň gapdalyndan iýmeklik iň amatlysy bolup biler