TEHNOLOGIÝA

ABŞ-da doly robotlaşdyrylan restoran açylar

Dünýädäki ilkinji doly özbaşdak robotlaşdyrylan restoran 2024-nji ýylyň başynda Kaliforniýada açylar. Ähli önümçilik amallary emeli intellekt (AI) tarapyndan dolandyrylar.

Şeýle restoran açmak pikiri birbada üç amerikan kompaniýasyna – “Cali Group”, “Miso Robotics” we “PopID” şereketlerine degişlidir. “Cali Group” restoran we bölek satuw işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ýöriteleşendir. “Miso Robotics” dünýäde emeli aň tarapyndan dolandyrylýan ilkinji robotlaşdyrylan “Flippy” atly dürli önümleri gowurmaga niýetlenen enjamy döretdi. “PopID” kompaniýasy bolsa, biometriki ulgam ulanyp, galtaşyksyz töleg üçin çözgütler tapýar.

Restoran “CaliExpress by Flippy” diýlip atlandyrylýar we ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşer. Restoran Amerikanyň adaty çalt naharlaryny taýýarlamakda ýöriteleşer – restoranyň tagamnamasynda diňe üç görnüşli burger, gowurma we salat bolar.

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar