TEHNOLOGIÝA

ABŞ bilen Hytaý emeli aň ulgamynda öňdebaryjy ýurtlar

Şanhaýda geçirilen Bütindünýä Emeli aň maslahatynda emeli aň boýunça global innowasiýalar indeksine degişli hasabat tanyşdyryldy. Bu hasabat Hytaýyň Ylym we tehnologiýa maglumat Instituty bilen Pekin uniwersiteti tarapyndan taýýarlanyldy diýip, metbugat neşirleri habar berýär.

Hasabatyň awtorlary 46 ýurdy bäş görkeziji boýunça öwrenipdirler: binýatlaýyn goldaw, ösüş üçin şertler we serişdeler, ylmy-tehnologiki barlaglar we işläp taýýarlamalar, senagatda ulanmak we innowasiýalaryň ornaşdyrylyşy, şeýle hem halkara hyzmatdaşlyk we tejribe alyşmalar.

Hasabata görä, ABŞ bilen Hytaý emeli aň ulgamynda beýlekilerden ep-esli öňe saýlanýarlar. Bu ýurtlarda emeli aň üçin çip öndürýän kompaniýalaryň, ýokary derejeli hünärmenleriň, öňdebaryjy ylmy žurnallardaky makalalaryň hem-de uly göwrümli emeli aň modelleriniň aglaba bölegi jemlenendir.

ABŞ 100-dan 77,97 bal toplap, birinji orny eýeledi. Hytaý — 58,01 bal bilen ikinji orny, Beýik Britaniýa bolsa 36,60 bal bilen üçünji orny eýeledi.

Ilkinji onluga şeýle hem Ýaponiýa (33,77), Koreýa Respublikasy (33,48), Germaniýa (32,22), Singapur (31,57), Fransiýa (30,98), Kanada (29,79) we Hindistan (29,41) girdi. Russiýa 17,49 bal bilen 30-njy orny eýeledi.

Bütindünýä Emeli aň maslahaty Şanhaýda şu ýyl 26–28-nji iýul aralygynda geçirildi. Bu çäre 2018-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. Maslahat dünýäniň emeli aň boýunça öňdebaryjy we iri kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny, döwlet işgärlerini, alymlary we bilermenleri özünde jemläp, bu ugurda tehnologiýalarynyň ösüşi we ulanylyşy baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döredýär.

Ýene-de okaň

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi

Aşgabat-Astana: Merkezi Aziýada täze sanly ýollar dörediler

Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin jemgyýetçilik torlar gadagan edildi