SPORT

Abdukodir Husanow 2025-nji ýylda Aziýanyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy

Özbegistanyň milli ýygyndysynyň hem-de Angliýanyň «Mançester Siti» klubynyň merkezi goragçysy Abdukodir Husanow “Goalpost” neşiri boýunça 2025-nji ýylyň Aziýadaky iň gowy ýaş futbolçysy diýlip ykrar edildi. Geçen ýyl 21 ýaşly oýunçynyň karýerasynda möhüm tapgyr boldy. Ýanwar aýynda ol «Mançester Siti» klubyna geçenden soň, Angliýanyň Premýer-ligasynda çykyş eden Özbegistandan ilkinji futbolçy boldy.

Iýun aýynda Husanow Özbegistanyň milli ýygyndysyna dünýä çempionatyna gatnaşmagyna özüniň mynasyp goşandyny goşdy. Häzirki möwsümde ol Mançester klubynyň düzüminde dokuz oýna gatnaşdy.

“Goalpost” neşiri tarapyndan geçirilen ses berlişikde Abdukodir Husanow Aziýanyň geljegi uly bolan birnäçe futbolçysyny, şol sanda Özbegistandan, Awstraliýadan, Indoneziýadan, Koreýa Respublikasyndan, Yrakdan we sebitdäki beýleki ýurtlardan bolan oýunçylary yzda galdyrdy.

Mundan başga-da, Husanow “The Athletic” neşiri boýunça dünýäniň iň güýçli ýüz futbolçysynyň sanawynda 86-njy orny eýeledi, bu bolsa onuň halkara derejede abraýynyň ýokarlanýandygyny tassyklaýar.

Ýene-de okaň

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy