DÜNÝÄ

Tokiodaky Olimpiada tomaşasyz geçirilip bilner

Şu ýylyň 24-nji iýulynda badalga almagy meýilleşdirilýän Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherindäki XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary tomaşasyz geçirilmegi hem mümkin. Dünýäniň iň abraýly sport ýaryşynyň guramaçylary häzirki wagtdaky ýagdaýa seredip, şeýle görnüşiň üstünde işleýär.

“Daily Mail” gazetiniň habar bermegine görä, Olimpiýa oýunlary diňe telewizordan görkeziler. Bu çykalga Olimpiýa oýunlarynyň ýatyrylman, millionlarça sport muşdaklarynyň ünsüni mawy ekrana çekmäge mümkinçilik berjekdigi mälim edildi.

Tokiodaky Olimpiýa oýunlary 2020-nji ýylyň 24-nji iýuly-9-njy awgusty aralygynda geçiriler.

Related posts

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi

vepa

Dubaýda dünýäniň iň beýik myhmanhanasy açyldy

Maduro täzeden prezidentlige saýlandy