«Forbes» Žurnaly 2010 ― 2019-njy ýyllar aralygynda iň kän girdeji gazanan türgenleriň sanawyny yglan etdi. Sanawyň birinji basgançagynda amerikaly boksçy Floýd Meýwezer bar.
Ol soňky 10 ýylyň dowamynda jemi 915 million dollar gazandy. Ikinji orunda bolsa Italiýanyň «Ýuwentus» futbol klubynyň portugaliýaly ýyldyzy Kriştianu Ronaldo bar. Onuň soňky 10 ýyldaky girdejisi 800 million dollara ýetýär.
Sanawdaky ilkinji 10-luk şeýle:
1. Floýd Meýwezer (boks) — 950 million dollar;
2. Kriştianu Ronaldu (futbol) ― 800 million dollar;
3. Lionel Messi (futbol) — 750 million dollar;
4. Lebron Jeýms (basketbol) — 680 million dollar;
5. Rojer Federer (tennis) — 640 million dollar;
6. Taýger Wuds (golf) — 615 million dollar;
7. Fil Mikelson (golf) — 480 million dollar;
8. Menni Pakýao (boks) — 435 million dollar;
9. Kewin Dýurent (basketbol) — 425 million dollar;
10. Lýuis Hemilton («Formula-1») — 400 million dollar.