JEMGYÝET

YouTubeniň ornuny tutup biler

Russiýanyň «Mail.ru Group» şereketi 2020-nji ýylda YouTubeniň ornuny tutup biljek wideopaýlaşyk ulgamyny işe girizmekçi. Bu barada şereketiň ýolbaşçysy Boris Dobrodoýew RBK agentligine habar berdi.

Dobrodoýew häzirlikçe täze ulgamyň adyny aýtmady, ýöne täze hyzmatyň iň döwrebap mümkinçiliklere eýe boljakdygyna welin ynandyrdy.

«Mail.ru» 2019-njy ýyly hem boş geçirmedi. Şereket tamamlanyp barýan ýylda «Puls» atly täzelikler hyzmatynyň işini ýola goýdy. Hyzmatdan peýdalanyjylaryň sany gün geçdigiçe köpelýär.

Täze hyzmat kompaniýanyň öz usuly boýunça işlär. Şonuň oňa YouTube bilen bäsdeş bolup biler diýmek kyn. Her hyzmat ulgamynyň özüne mahsus aýratynlyklary bolar. Ýöne Dobrodoýew bu hyzmatyň Russiýada YouTubeniň ornuny tutup biljekdigini aýdýar.

«Mail.ru Group» häzir elektron poçtalardan başga-da, «Odnoklassniki», «Wkontakte», ICQ, «TamTam» messenjerlerini we «Ýula», «YouDrive». «Delivery Club» hyzmatlary bilen meşhurdyr.

Related posts

Adam atlarynyň manysy 04-nji ýanwar

Ata Watan Eserleri

Terrorçylykdan azat bolan parahatçylygy gazanmak boýunça hereketleriň Kodeksi

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy