DÜNÝÄ

Galp nusgasyny öndürip bolmaz

«Nike» kompaniýasynyň sanly tehnologiýalara daýanýan hyzmatlarynyň sany gün geçdigiçe artmak bilen. «Korrespondent» neşiriniň ýazmagyna görä, kompaniýanyň täze öndüren blokçeýn sport aýakgaplary üýtgeşik bir aýratynlyga eýe. Ýazylyşy ýaly, bu aýakgaplaryň göçürmesini öndürmek mümkin däldir. Täze önümiň bu aýratynlygy ABŞ-nyň ygtyýarnamalar we söwda belgileri býurosy tarapyndan hem ykrar edildi.

Blokçeýn sport aýakgaplary «CryptoKicks» ady bilen öndürilýär. Aýakgaplaryň her birinde identifikasiýa belgisi bolýar. Beýdilmeginiň esasy maksady galp önümçiligiň öňüni almakdyr. Müşderiler aýakgabyň gabyndaky ştrih kody skanirläp, onuň hakykylygyny ýa-da galpdygyny barlap bilerler.

Egerde aýakgap ikinji elden satylýan bolsa, onda onuň koduny täzeläp bolýar. Mahlasy, kompaniýa onuň galp nusgasynyň öndürilmezligi üçin elinden gelenini edipdir. Göreliň, bu tagallalar ýerine düşermikä?

Related posts

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar

Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri kim bolar?

Türk hünärmeni: türkmen tebigy gazy global energetika deňagramlylygyna täsirini ýetirýär