JEMGYÝET

Wengriýada bilim almak isleýänleriň dykgatyna!

Wengriýada ýokary bilim almak isleýän diýýärsiňmi?! onda dogry habar çeşmesine ýüz tutdyň!

Wengriýanyň  ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr we magistratura derejelerinde okamaga mümkinçilikler bilen sizi tanyşdyrýarys.

Kimler bu mümkinçilikden peýdalanyp biler :

Umumy  orta ýa-da orta hünär bilimli, magistratura talyp ýerlerine bolsa ýokary bilimli, ýaşy 35-den geçmedik hem-de 2020-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli 18 ýaşy dolýan 2019/2020-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerini tamamlaýan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Nirede resmi iş kagyzlary kabul edilýär we giriş synaglary haçan geçirilýär :

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kabul ediş topary tarapyndan 2019-njy ýylyň 21 – 30-njy dekabry aralygynda kabul edilip, Giriş synaglary we seçip alyş işi bolsa 2020-nji ýylyň  5 – 7-nji ýanwary aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilýär.

Bu okuw programmasyna degişli soraglar ýüze çykan halatynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kabul ediş toparyna ýüz tutup bilersiňiz!

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň (1966) 31-nji jaýy,                                        telefon belgileri: 94-69-90, 94-54-29.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi