“Ata Watan Eserleri” bäsleşiginde ýeňijiler belli boldy

‘Atawatan Türkmenistan’ halkara Žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty tarapyndan yglan edilen we Makul Hyzmat Terjime Merkezi we  Atavatan Danışmanlık Yayıncılık Tercüme Turizm ve Bilişim LTD şereketi tarapyndan goldaw berilen “Ata Watan Eserleri” bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy. Ýeňijiler 20 Dekabr 2019 senesinde Türkmenistan sagady boýunça 15:00

Bäsleşigiň şertlerine görä, “iň köp okalan” eserler degişlilikde baýrakly orunlary eýeledi. Ýeňijilere baýraklar ýakynda dabaraly ýagdaýda Aşgabat şäherinde gowşurylar. Baýrakly orny eýelän eserleriň awtorlaryna  döredijilik topary tarapyndan baýrak gowşurylyş dabarasy barada aýratyn habar beriler.  Her ugurdan ilkinji onlyga giren eserler we döredijilik topary tarapyndan saýlanan eserler boýunça aýratyn e- kitapçyk taýýarlamak meýilleşdirilýär. Şu habarymyzda ýeňiji bolan eserleri okamak isleseňiz, eseriň  “ýaşyl”  renkde ýazylan adyna basmagyňyzy maslahat berýäris.

“Ata Watan Eserleri” döredijilik topary 2020-nji ýylyň başlarynda has uly baýraklar bilen täze bäsleşigi yglan etmegi meýilleşdirýär, şonda, şol bir kompýuter ýa-da mobil çeşmeden bir eseriň linkine näçe gezek girilse hem “1 gezek okaldy” edip  görkezýän ulgamy ornaşdyrar we ýeňijini kesgitlemegiň has döwrebap beýleki modelini ornaşdyrar. Bäsleşik barada öz bellikleriňizi we teklipleriňizi atawataneserleri@gmail.com salgysyndan bize ibermegiňizi haýyş edýäris.

 

‘Ata Watan Esereri’  Bäsleşiginiň Ýeňijileri

BAŞ BAÝRAK :

 

RedMi 7A TELEFON WE HORMAT HATY

Ýeňiji

“Kakama Gowuşmadyk Hatlar”

Awtory : Muhammet BEKGIÝEW, “Türkmenistan” gazeti

 

“GOŞGY” UGRUNDAN ÝEÑIJILER

1-nji Orun :

 

Microwave Peç  we hormat haty:

Ýeňijisi : Huşum Birýana

Awtory :  Aşyr Gurbangeldiýew, Balkan welaýaty, Serdar etraby

 

2-nji Orun :

 

TTEC, Re Charger Universal Powerbank we hormat haty

 

Ýeňijisi : Bagyşla diýmäge derek

Awtory : Altyngözel Amanmämmedowa, Türkmen Döwlet  medeniýet institutynyň syýahatçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

 

3-nji Orun : 

Preo My Sound X-Bass we hormat haty

 

Ýeňijisi : Döwrüň Meselesi

Awtory : Baky Amanýazow

 

 

 

“ BEÝLEKI ESERLER” UGRUNDAN ÝEÑIJILER

 

1-NJI ORUN : 

Baýragy : Microwave Peç  we hormat haty:

 Ýeňijisi  :”Geografyň gutlagy”

Awtory : Baýgeldi Çaryýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň meteorologiýa hünäriniň IV ýyl talyby.

 

2-NJI ORUN :

 

Baýragy : TTEC, Re Charger Universal Powerbank we hormat haty

Ýeňijisi : Beýik Ýaşa

Awtory : Ýusup Orazberdiýew, Aşgabat şäheri

 

3-NJI ORUN : 

Baýragy : Preo My Sound X-Bass we hormat haty

Ýeňiji : Kitaby Ýatyp Okamagyň Zyýanlary

Awtory : Näzikjemal Güýjowa, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiň talyby

Şeýle hem sanawy berilen şu eserleriň awtorlaryna hormat haty we höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

 

“Goşgy” ugry boýunça

 

  1. Atam, Aliakbarowa Selbi
  2. Buýsançnama, Gylyçmyrat Döwletow
  3. Eje, maňa alajabag örüp ber, Gözel Umarowa
  4. Sözden peýda ýok, Abdyrahman Orazmämmedow
  5. Türkmen biz, Çaryýewa Jemal
  6. Sabyrlylyk, Taçjemal Terliýewa
  7. Uýama, Aýbölek Abdyýewa

 

“Beýleki Eserler” ugry boýunça

  1. Suw içmegiň peýdalary, Jelilberdi Nurberdiýew
  2. Siz, söýginiň dilini bilýäňizmi?, Şirin Şirliýewa
  3. Çeltek Hasaby, Toýly Hommyýew,
  4. Ýene-de Gün dogdy…, Sähetmyrat SÄHEDOW
  5. Mähir mekdebi, Ýazmuhammet Seýitmyrtadow
  6. Sagdyn Düşünje, Kakajan Alyýew
  7. Ulag baradaky arzuwym…, Abdyrahman Orazmämedow

Related posts

COP31: Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň tanyşdyrylyşy boldy

Aşgabatda Ýewropanyň Medeniýet günleri geçiriler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Pakistanda saparda bolar

15-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewe käýinç yglan edildi

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri täzelendi

Mämmet Akmämmedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlygyna bellendi

14-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Türkmenistan we Hytaý «Müňýyllygyň behişdi bedewleri» atly sergini gurnaýar

Türkmen türgeni ilkinji gezek Real American Freestyle (RAF) ýaryşynda çykyş eder

Ata Watan Eserleri

13-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça halkara taslama durmuşa geçiriler

Türkmenistanyň uzakdaky ilatly ýerleri üçin energetika geçişini goldamak boýunça täze taslama durmuşa geçirilýär

Türkmenistanda gidrohlorftoruglerodlary tapgyrlaýyn ýatyrmak boýunça täze taslama durmuşa geçiriler

Garri Keýniň nobatdaky rekordy

Kubanyçbek Omuraliýew Türki maýa goýum gaznasynyň başlygy wezipesine bellenildi

COP 31: Türkmenistanyň daşary işler ministriniň halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary

Rifat Hisarjyklyoglu türkmen wekiliýeti bilen duşuşdy

«Amul-Hazar» atly ýörişi badalga aldy

Türkmenistanyň wekilleri PRESETT maksatnamasy boýunça sebitara okuw maslahatyna gatnaşdylar