JEMGYÝET

Mugallymyň sapagy

Mugallym ýa-da mekdep hakda söz açylsa meniñ ilki ýadyma düşýäni, goñşy bolup ýaşan biologiýa sapagyndan okadan Muhammetnazar mugallymdy. Hawa onda-da nähili ýada düşmek, onuñ maña beren sapagy hiç ýadymdan çykmaýar. Anyk ýadyma düşenok 5-nji ýa-da 6-njy synpda okaýan döwrümiz bir gün biologiýa sapakdan 5-lik alypdym. Ol gün agşamlyk ertirki sapaklarma taýynlanyp otyrkam şu gün 5-lik aldym ertir menden mugallym sapak soramaz, munda ýazmaly zat ýok diýip biologiýa kitabymy sumkama salyp beýleki sapaklarma taýynlanyp ýatdym. Ertesi 2-nji sagat biologiýa sapakdy. Jañ kakylyp sapak başlady. Mugallym synpa gelip biz bilen salamlaşyp ýerine geçip otyrdyda kitabyñyzy çykaryñda açman partañ üstûnde goýuñ diýdi. Soñra bolsa kim sapagyñ adyny aýtsa 5-lik baha goýjak diýip bize ýüzlendi. Synpdaky 31 okuwçydan diñe biriniñ eli ýokary galyp, galan okuwçy bolsa aşak bakýardy. Arasynda men hem bardym. Mugallym sapak aýtmakçy bolýan okuwçydan galanmyzy ýerimizden turuzup käýýemäge başlady. Okuwçylaryñ arasynda aýlanyp ýörşüne meniñ ýanyma gelip,,
Sen näme? Düýn 5-lik alan okuwçyda bu güne taýynlanman arkaýyn bolup geldiñmi” diýip ýeñsäme şarpyk çalyp goýberdi. Şol şarpyk şol wagt juda ýokuş degsede, indi uly adam bolup oýlanyp görýän welin mugallymyñ şol beren sapagy maña durmuşda-da diñe şu gűnűñ geçenine arkaýyn bolman ertirki günede mydama taýyn bolup gezmelidigni ýatladyp duran ýaly hiç ýadymdan çykanok.

Mustapa Welläýew

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaý 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmengaz» we CNPC «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny enjamlaşdyrmak barada şertnama gol çekdiler

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň täze ilçisi Türkmenistanda wezipesine girişdi