JEMGYÝET

Galamym

Sözler zynjyr ýaly sepleşýär ýene,

Ak kagyza nagyş çeken galamym.

Dyňzap çykýan pikirlermi aýdaýyn,

Sen bolsa, kagyza çyrşa galamym.

 

Aýdýan zatlarymyň bary çem gelen,

Emma goşgulamda dogry jemlenen,

Akgynsyz ýerine yhlas ýelmenen,

Yhlasyma goltgy bolduň galamym.

 

Ynjyly ýüregiň derdin ýazarys,

Kiçi meseläni ula ýa:zarys,

Gerek bolsa duýgularam gazarys,

Arkamdan diregin, doýgun galamym.

 

Ýürek joşgun bilen geldim kemala,

Ýüzümi sowardym sowuk şemala,

Seniň bilen bile gitdik kenara,

Geçmişe sowuklyk salma galamym.

 

Döwüldiň ençeme kagyz ýüzünde,

Çoýundyk durmuşyň ýakan közünde,

Ykbal meni ýazmagymdan üzende,

Şu gara reňkiňden solma galamym.

Aýperi Meredowa

 

Related posts

“Galkan” topary finalda Tatarystanyň topary bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna iş sapary meýilleşdirýär

vepa

Aspirantura, ordinatura we doktorantura kabul ediljek dalaşgärler

vepa