DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 112-nji mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Moskwa şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 112-nji mejlisi geçirildi. Mejlisi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow açdy we alyp bardy.

Çäräniň dowamynda GDA-ä agza döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça mazmunly we özara gyzyklanma bildirilýän pikir alşygy geçirildi.

Mejlisiň gün tertibine ylym, saglygy goraýyş, maglumat-ösüş we seljeriş işleri ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri hem girizildi. Sanly tehnologiýalar ulgamynda öňdebaryjy çözgütleri alyşmak boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi.

Mejlise gatnaşan GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Arkalaşyga başlyklyk etmegine ýokary baha berdiler hem-de ýurtda geçirilen çäreleriň mazmun we guramaçylyk taýdan ýokary derejede bolandygyny aýratyn nygtadylar.

Arkalaşygyň yzygiderli we depginli ösüşine goşan uly goşandy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirildi.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 112-nji mejlisiniň netijeleri boýunça agza ýurtlaryň arasyndaky durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminama gol çekildi.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2027-nji ýylyň mart aýynda Moskwa şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Related posts

Ženewada haýyr-sahawat guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Turkmenistan bilen Gruziýanyň gatnaşyklary boýunça dokumental film surata düşüriler

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy