Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, geljek aýda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, şeýle hem medeni mirasymyzy ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça dürli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Yglan edilen döredijilik, hünär bäsleşikleriniň, şol sanda “Merdana nesil”, “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşikleriniň jemini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabaralarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasynyň, aýdym-sazly baýramçylyk çäreleriniň, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, welaýatlardaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynda baýramçylyk konsertleriniň guralmagy meýilleşdirilýär.
31-nji dekabrda “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, Arkadag şäherinde, welaýatlardaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňünde Täze ýyl teleköprüsi geçiriler. Şeýle hem dekabr aýynda birnäçe binalaryň we desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi, şu mynasybetli medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dekabr aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, ulanmaga beriljek binalaryň açylyş dabarasyny ýokary derejede guramagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle-de beýleki meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
«Ýylyň parlak ýyldyzy» — Türkmenistanda 17–35 ýaş aralygyndaky ýaş estrada we höwesjeň aýdymçylaryň arasynda her ýyl geçirilýän döredijilik aýdym-saz bäsleşigi. 2026-njy ýylyň bäsleşiginiň jeminiň dekabr aýynda jemlenmegine garaşylýar. Bäsleşik 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär.
