2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde, «MEDEF International» Ştab-kwartirasynda geçirilen umumy işewürlik duşuşygyndan soňra, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýolbaşçysy gyzyklanma bildirýän fransuz kompaniýalarynyň wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.
Duşuşyklaryň dowamynda türkmen önümleriniň Fransiýanyň we Ýewropanyň bazarlaryna eksportyny giňeltmegiň, türkmen öndürijileri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, şeýle hem uzak möhletleýin daşary söwda şertnamalaryny baglaşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, Türkmenistanyň nebit önümlerini, mineral dökünlerini, tehniki kükürdini, şeýle hem himiýa we nebithimiýa senagatynyň beýleki önümlerini satyn almak meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, halkara söwda mehanizmlerini kämilleşdirmegiň, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň we maliýe serişdelerini çekmegiň mümkinçilikleri barada hem pikir alyşdylar.
Fransuz kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk-de öwrenmäge, şeýle hem türkmen kärhanalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde işewürlik gatnaşyklaryny dowam etdirmäge we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny anyk öwrenmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Geçirilen duşuşyklar türkmen we fransuz hyzmatdaşlarynyň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny berkitmäge, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmäge ýardam berdi.
